Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

  • 11.05.2026 18:12
  • 1.1k+

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp geçdiler. Ol ýerde artistleri bäsleşigiň guramaçylary we şäheriň burgomistri Mihael Lýudwig garşylady.

Halynyň uzynlygy 170 metre ýetdi. Dabara örän köp sanly tomaşaçynyň gatnaşmagynda we hiç hili bökdençsiz geçdi.

Bäsleşigiň tertibine görä, ýarym finallar 12-nji we 14-nji maýda, final bolsa 16-njy maýda «Wiener Stadthalle» arenasynda bolar. Finalda jemi 35 gatnaşyjydan 25-si çykyş eder.

Bukmekerleriň çaklamalaryna görä, bäsleşigiň esasy dalaşgärleri finlandiyaly duet – skripkaçy Linda Lampenius we aýdymçy Pete Parkkonen hasaplanýar. Şeýle hem ýokary orunlara mynasyp görülýänleriň arasynda Gresiýanyň wekili Akylos, daniýaly ýerine ýetiriji Sýören Torpegor Lunn, fransuz aýdymçysy Monroe we awstraliýaly Delta Gudrem bar.

Awstriýa bu bäsleşigi geçirmek hukugyny aýdymçy JJ-iň (Ýohannes Pitçiň) «Wasted Love» aýdymy bilen «Ýewrowideniýe-2025» bäsleşiginde gazanan ýeňşinden soň aldy. Mundan ozal bu ýurt bäsleşigi 1967-nji we 2015-nji ýyllarda kabul edipdi.

«Ýewrowideniýe» bäsleşiginiň pöwrize reňkli ýoly – aýdym-saz bäsleşigini açýan ilkinji resmi çäredir. Artistler we wekiliýetler bu ýoldan ýörän wagtlarynda žurnalistler bilen söhbetdeş bolýarlar, tomaşaçylarda bolsa bäsleşige gatnaşyjylary ilkinji gezek görmäge mümkinçilik döreýär. Halynyň reňki köp ýyllardan bäri bäsleşigiň baş hemaýatçysy bolup gelýän Ysraýylyň «Moroccanoil» kosmetika kompaniýasynyň nyşany bilen baglanyşyklydyr.


28.05.2026 18:03
6.6k+

Adamzadyň taryhynda iň uly kürekli gämi Gadymy Müsürde gurlupdyr

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda Gadymy Müsürde Tessarakontera gämisi guruldy, ol şu güne çenli taryhdaky “gara güýç” bilen işledilýän iň uly gämi hasaplanýar....

27.05.2026 20:03
3.9k+

Müsürde Tutanhamonyň aramgähiniň gips diwary ilkinji gezek köpçülige görkezildi

Faraon Tutanhamonyň jaýlanan otagynyň gips diwary ilkinji gezek Luksor muzeýinde giň köpçülige görkezildi diýip, «The Independent» neşiri habar berýär....

17.05.2026 14:15
6k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....

16.05.2026 12:10
3.4k+

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ähli finalçylary belli boldy

Wenanyň «Wiener Stadthalle» arenasynyň sahnasynda geçirilen iki sany saýlama tapgyryň netijeleri boýunça «Ýewrowideniýe-2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyryna gatnaşjaklaryň ählisi kesgitlendi....