Bathyzdaky fotoduzak ýene-de bir ene alajabarsy surata düşürdi

  • 16.01.2026 23:11
  • 13k+

Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda oturdylan fotoduzak öňki Aziýa alajabarsynyň ikinji bir wekilini we onuň çagasyny surata düşürdi. Alnan maglumatlar Türkmenistanyň günortasynda bu iň seýrek duş gelýän ýyrtyjynyň durnukly köpelýän toparynyň kemala gelendigine şaýatlyk edýär.

Suratlarda alajabarsyň çagasynyň enesiniň yzy bilen goraghananyň çäklerinde gezip ýörendigi görünýär. Nesilleriň yzygiderli hasaba alynmagy Bathyzyň alajabarslar üçin diňe bir aw meýdançasy däl-de, eýsem, hemişelik ýaşaýyş gurşawy bolup hyzmat edýändigini tassyklaýar.
Gözegçilik işleri Türkmenistanyň halkara "Conservation X Labs" guramasy bilen bilelikde durmuşa geçirýän seýrek süýdemdirijilere gözegçilik maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýar.
Bathyz döwlet tebigy goraghanasy 1941-nji ýylda esaslandyryldy we Merkezi Aziýanyň iň möhüm goralýan tebigy çäkleriniň biri hasaplanýar. Goraghananyň çöketliklerden we pisse tokaýlyklaryndan ybarat bolan tebigy keşbi öňki Aziýa alajabarsy, garagulak, zolakly syrtlan we jeren ýaly seýrek haýwanlaryň ýaşamagy üçin örän amatlydyr. Fotoduzaklaryň maglumatlary hünärmenlere haýwanlaryň durmuşyna goşulmazdan, olaryň sanyna gözegçilik etmäge we tebigaty goramak boýunça görülýän çäreleriň netijeliligine baha bermäge mümkinçilik berýär.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......