Mark Sukerberg işgärleri üçin 300%-e çenli bonuslar ulgamyny girizýär

  • 17.01.2026 15:15
  • 2.6k+

Şu ýyl Mark Sukerberg Meta kompaniýasynda iň gowy işlänler üçin täze bonuslary we işiň netijelerini bahalandyrmak ulgamyny girizýär diýip, Business Insider habar berýär. Bonuslaryň möçberi dürli ölçeglere esaslanar. Oňa laýyklykda Meta-nyň işgärleri şu bonuslaryň eýeleri bolup bilerler:

  • Toparyň girdejisini artdyryp ýa-da täze ulanyjylary çekmegi başaran bolsalar esasy aýlyklarynyň 300%-ine çenli;
  • Taslamany düýpli öňe iteren, wagty tygşytlan, prosesi gowulandyran bolsalar 200%;
  • Öz wezipe borçlaryny durnukly hem gowy ýerine ýetiren bolsalar 115%;
  • Tabşyrylan möhlete çenli ýetişmän ýa-da ýaramaz işlän bolsalar 0-dan 50% -e çenli.

«Bu üýtgeşmeleriň maksady iň gowy işlänleri has görnükli sylaglamak we toparyň umumy işini gowulandyrmak bolup durýar» diýip, Meta belleýär.

Täze Checkpoint ulgamy öňki ýyllyk bahalandyrmalaryň ornuny tutýar we onuň kömegi bilen işgärleriň zähmeti indi has ýygy-ýygydan gözden geçiriler. Esasy üns bolsa olaryň önümlere, biznes netijelerine we kompaniýanyň ileri tutýan strategik ugurlaryna goşan aýratyn goşantlaryna gönükdiriler.
Şeýlelikde Meta dolandyryşa yzygiderli we açyk seslenip durmagyň iň gowy işleýänleri we islegi kanagatlandyrmaýanlary tiz kesgitlemäge kömek etjekdigine ynanýar.


02.02.2026 10:53
2.7k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

24.01.2026 09:42
1.3k+

Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär. Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi...

18.01.2026 19:47
2.1k+

Microsoft, Meta we Amazon kompaniýalary Wikipedia-ny ulanýandyklary üçin tölemäge razy boldular

Microsoft, Meta, Amazon, Perplexity we Mistral AI kompaniýalary Google-yň göreldesine eýerdiler. Olar Wikipedianyň kontentlerini we maglumatlaryny ulanmak üçin Wikimedia gaznasyna  («Фонду Викимедиа») töleg tölemäge razy boldular...

05.12.2025 16:50
2k+

Apple-iň esasy interfeýs dizaýneri Meta kompaniýasyna geçýär

Apple-iň interfeýs dizaýny boýunça wise-prezidenti Alan Daý 31-nji dekabrda Meta kompaniýasyna işe geçer. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi. Soňra maglumaty Apple-iň wekili tassyklady. Meta-da Alan Daý dizaýn boýunça direktor wezipesini eýelär...