Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

  • 24.01.2026 09:42
  • 1.5k+

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär.

Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi.
Şeýle-de, global liderleriň ilkinji onlugyna Amazon ($369,9 mlrd), Nvidia ($184,3 mlrd), Hytaýyň TikTok kompaniýasy ($153,5 mlrd), Walmart amerikan söwda ulgamy ($141 mlrd), Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy ($119,2 mlrd), Facebook ($107 mlrd) we State Grid hytaý kompaniýasy ($102,4 mlrd) girdi.
Reýtingde görkezilen kompaniýalaryň sany boýunça ýurtlaryň arasynda ABŞ öňdebaryjydyr. Sanawdaky 500 brendiň 192-si bu ýurda degişli. Onuň yzyndan 68 brend bilen Hytaý, 33 brend bilen Ýaponiýa we Fransiýa, 26 brend bilen Germaniýa we 25 kompaniýa bilen Beýik Britaniýa gelýär.
Iň ýokary ösüşi Britaniýanyň Revolut maliýe tehnologiýalary kompaniýasy görkezdi. Onuň bahasy 239% ýokarlandy. Iň ýokary pese gaçyş Tesla-da hasaba alyndy – 35,8%.

«Global ykdysady ösüş depgininiň gowşakdygyna garamazdan, dünýäniň iň gymmatly 500 brendiniň umumy bahasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10% ýokarlandy we 10,4 trln dollara ýetdi» – diýip, Brand Finance Turkiye-niň müdiri Muhterem Ilgýuner belledi.


19.06.2026 14:20
2.7k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

17.06.2026 09:59
1.1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

29.05.2026 16:32
1.5k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......