«Red Bull» uçaryň kömegi bilen 2026-njy ýyldaky «Formula-1» möwsümi üçin ulagyny tanyşdyrdy

  • 17.01.2026 08:22
  • 2.9k+

«Formula-1-iň» «Red Bull» topary 16-njy ýanwarda Detroýtda (ABŞ) geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde 2026-njy ýyl möwsümi üçin öz ulagynyň täze dizaýnyny görkezdi.

Dabaranyň gahrymanlarynyň biri 47 ýaşly çehiýaly uçarman we Çehiýanyň HHG-siniň öňki uçarmany, 2018-nji ýylda Red Bull Air Race-iň çempiony Martin Şonka boldy. Tanyşdyrylyş wagty görkezilen wideoda ol pes beýiklikde uçup, «Kobra» şekilini ýerine ýetirdi. Ahyrynda Şonka uçaryň guýrugyndaky ildirgiji bolidi ýapyp duran mata ildirip, ony sypyrdy.
Wideo Çehiýadaky Ýindržihuw-Grades aerodromynda düşürildi.

«Şeýle tizlikde pesde uçmak – bu gözüňi ýumup, sapagy iňňeden geçiren ýalydyr. Ýerden bary-ýogy 1,5 metr beýiklikde 200 km/sag. Per üçin ýere çenli aralyk örän azdy» – diýip, «Red Bulluň» metbugat gullugy Şonkanyň sözlerini getirýär.

Täze liwreýa toparyň 2005-nji ýylda ilkinji möwsümde ulanan ýalpyldawuk örtügine eýe boldy. Ulag öküz şekilli gyzyl elementler bilen sary-gök reňklere boýaldy.
Ulagyň täze reňkde suratlaryny «Formula-1-iň» dört gezek çempiony Maks Werstappen hem paýlaşdy. Suratlarda onuň ýanynda ýoldaşy Isak Hajar bar.
Şeýle-de, «Red Bull» toparynyň täze formasy hödürlendi. Ol gök reňkli bolup, Ford amerikan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy görkezýär. 


09.06.2026 07:51
4.4k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....