2.5k+

Toyota meşhur Hilux kysymly awtoulagynyň wodorod bilen işleýän görnüşini görkezdi

Toyota kompaniýasy Beýik Britaniýadaky zawodynda ýygnalan Hilux Fuel Cell atly wodorod bilen işleýän pikap awtoulagyny tanyşdyrdy. Jemi on sany prototip öndürildi, olaryň bäşisi eýýäm synagdan geçýär. Awtoulagyň gurluşy üç sany gysylan wodorod ballony bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa oňa 600 kilometre çenli aralyk geçmäge mümkinçilik berýär...

3.3k+

Audi ilkinji gezek Concept C sport prototipini adaty ýollarda görkezdi

Audi kompaniýasy şu ýylyň güýzünde tanyşdyrylan Concept C atly sport prototipiniň täze suratlaryny çap etdi. Suratlarda awtoulagy Germaniýanyň ýol belgileri bilen adaty ýollarda görmek bolýar. Kompaniýa awtoulagyň nähili hasaba alnandygyny takyk düşündirmese-de, bu suratlar Audi-niň konsepti esasynda önümçilik modelini döretmekde çynlakaý niýetiniň bardygyny görkezýär...

3.4k+

Garaşsyz dalaşgär Ketrin Konnolli Irlandiýanyň Prezidenti wezipesine saýlandy

Irlandiýa Respublikasynyň prezident saýlawlarynda garaşsyz dalaşgär Ketrin Konnolli ýeňiji boldy diýip, Reuters habar berýär. Ol saýlawçylaryň 63,4% sesini toplady. Ikinji orny 29,5% ses bilen ýurduň öňki premýer-ministri, sagçy “Fine Gael” partiýasynyň wekili Heýzer Hamfris eýeledi...

1.8k+

Lionsgate täze “Açlyk oýunlary: Orak möwsüminiň säheri” filmindäki keşp üçin muşdagy saýlady

Lionsgate kinostudiýasy “Açlyk oýunlary: Orak möwsüminiň säheri” (Голодные игры: Рассвет жатвы) filmi üçin açyk kastingiň ýeňijisini yglan etdi. Filme Floridadan aktýor we režissýor Dewon Singlteri gatnaşar. Ol Bleriň – Heýmitç Abernatiniň we Berd Ewerdiniň ýakyn dostunyň, Kitnissiň kakasynyň keşbini ýerine ýetirer...

1.4k+

YouTube aýdym-saz pudagyna ýylda 8 mlrd dollardan gowrak töledi

2024-nji ýylyň iýulyndan 2025-nji ýylyň iýuny aralygynda YouTube aýdym-saz pudagyna 8 mlrd dollardan gowrak töledi. Bu maglumatlar wideohostingiň 23-nji oktýabrdaky hasabatyndan gelip çykýar. Kompaniýa munuň platforma üçin rekord mukdardygyny belledi: ýyllyk tölegler 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2 mlrd dollar artdy...

6k+

Alymlar iň gorkunç 10 filmi aýtdylar

“Science of Scare” britan taslamasy iň gorkunç filmleriň täzelenen reýtingini hödürledi. Hünärmenler tomaşa wagty adamlaryň pulsuny ölçäp, haýsy horror filmleriň olarda uly gorky döredýändigini kesgitledi diýip, Forbes ýazýar...

2.8k+

Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 862 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Ukrainanyň hem-de Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we karbamidi satyn aldylar...

6.6k+

Türkmenistanly okuwçylar Panamada geçiriljek «Robotlaryň olimpiadasyna» ugradylar

Türkmen mekdep okuwçylary robototehnika boýunça halkara derejeli abraýly bäsleşik hasaplanýan "First Global Challenge 2025" ýaryşyna gatnaşarlar. «Robotlaryň Olimpiadasy» diýlip hem atlandyrylýan bu ýaryş 29-njy oktýabrdan 1-nji noýabra çenli Panamada geçirilip, dünýäniň 190 döwletinden gatnaşyjylary bir ýere jemlär...

9.8k+

Toyota Camry has agras we sport stiline eýe boldy

Toyota kompaniýasy ýörite SEMA týuning sergisi üçin döredilen Camry GT-S sedanynyň konseptini hödürledi. Awtomobil has agras görnüşe eýe boldy, ýöne zawod stilini saklady – inženerler ony önümçilik modeline meňzeş etmäge çalyşdy...

4.6k+

Täze Hyundai Venue krossoweri täze dizaýn we iki ekran bilen bazara çykýar

Hindistanda ýerli bazarda iň meşhur modelleriň biri bolan täze Hyundai Venue ykjam krossoweri üçin sargyt kabul edilip başlandy. Täze Hyundai Venue täzelenen dizaýna we gaýtadan işlenen salona eýe boldy. Içinde iki sany  12 dýuýmlyk ekran oturdyldy, ýolagçylar üçin giňişlik artdyryldy – ikinji hatarda aýak üçin aralyga 2 sm goşuldy...

1.8k+

Formula-1-iň lideri çalyşdy: Norris şahsy hasapda topardaşy Piastriden geçdi

Meksikada ýerleşýän "Doganlar Rodriges adyndaky awtodrom" ýokary belentlikdäki ýolda Formula-1 dünýä çempionatynyň 20-nji tapgyry — Meksikanyň Gran-prisi geçirildi. Bu ýaryşda «McLaren» toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris ýeňiş gazanyp, karýerasynyň iň güýçli çykyşlarynyň birini görkezdi...

13k+

"Real" soňky bir ýarym ýylda ilkinji gezek "Barselonadan" üstün çykdy

Madridiň «Realy» Ispaniýanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynda öz meýdançasynda «Barselonany» 2:1 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşyk futbol taryhynda 262-nji «El-klasiko» boldy. Duşuşygyň eýýäm 2-nji minutynda katalonlylaryň derwezesine penalti bellenildi, emma soňra bu karar ýatyryldy...

2.4k+

“Mitçeller bilen maşynlaryň gapma-garşylygy” multfilminiň dowamy çykar

“Mitçeller bilen maşynlaryň gapma-garşylygy” (The Mitchells vs. the Machines) animasion filminiň dowamy çykarylar. Variety neşiriniň habar bermegine görä, täze bölümiň režissýorlary hökmünde Jeý Pi Sans (“Garagol ýigitler 2”) we asyl filmiň ssenarisiniň üstünde işlän Gilýermo Martines çykyş eder...

5.5k+

Müňden gowrak işgär super EA-ny döretmegi bes etmek çagyryşy bilen çykyş etdi

1000-den gowrak jemgyýetçilik işgäri, şol sanda oýlap tapyjy, Apple-iň egindeş esaslandyryjysy Stiw Woznýak, “EA-nyň atalary” Jeffri Hinton we Ýoşua Benjio super EA-ny döretmäge garşy çykyş etdi. Olar şeýle tehnologiýanyň howpsuzdygyna göz ýetirilýänçä, şeýle ulgamlary döretmegi bes etmäge çagyryş bilen açyk hata gol çekdi...

8.8k+

Özbegistanda täzelenen Chevrolet Cobalt öndürilip başlandy: 50-den gowrak üýtgetme girizildi

Özbegistanyň UzAuto Motors zawodynda täzelenen Chevrolet Cobalt arzan sedany önümçilige goýberildi. Model iki görnüşde hödürlenýär: Cobalt Style MCM we Cobalt Midnight MCM. Ulag täze hereketlendirijini, dolandyryş bloguny, kämilleşdirilen gaz paýlaýyş ulgamyny, täze ABS we howa ýassygyny dolandyryş modullaryny, şeýle hem güýçlendirilen howpsuzlyk ulgamlaryny we anyklaýyş modulyny aldy...

4.5k+

Sabwufer we 5 esse teleskop bilen Redmi K90 Pro Max hödürlendi

Xiaomi kompaniýasy Redmi K90 Pro Max smartfonyny – seriýada iň ösen modeli hödürledi. Smartfon Snapdragon 8 Extreme Edition Gen 5 platformasynda guruldy we Redmi hatarynda 5 esse optiki zum bilen periskopik teleobýektiwe eýe bolan ilkinji smartfon boldy...