Kanadaly ýigit gen redaktirlemesi arkaly seýrek duş gelýän keselden saplanan ilkinji adam boldy

  • 05.03.2026 11:32
  • 4.8k+

Kanadanyň Britan Kolumbiýasy prowinsiýasynyň 19 ýaşly ýaşaýjysy Taý Sperl dünýäde DNK-nyň praým-redaktirlemesi tehnologiýasynyň kömegi bilen seýrek duş gelýän genetik keselden doly saplanan ilkinji näsag boldy. Bejerişiň netijeleri New England Journal of Medicine ylmy žurnalynda çap edildi.

Sperl heniz bäş ýaşyndaka oňa dowamly granulomatoz keseliniň kesgitlemesi goýuldy. Bu seýrek duş gelýän kesel bolup, oňa duçar bolan adamlaryň immuniteti bedeni ýokanç kesellerden gorap bilmeýär. Ol köp ýyllaryň dowamynda her gün antibiotikleri we kömeleklere garşy dermanlary kabul etmäge mejbur boldy.

Bejerişiň mümkin bolan usullarynyň biri süňk ýiliginiň göçürilmegidi, emma näsaga onuň üçin amatly donor tapylmady. Netijede ol gen redaktirlemesiniň täze tehnologiýasynyň kliniki barlaglaryna goşuldy.

Bejeriş döwründe näsagyň öz ganynyň baldak öýjükleri alyndy, olardaky genetiki ýalňyşlyk düzedildi we soňra öýjükler bedene yzyna gaýtaryldy. Şundan soňra immunitet ulgamy kadaly işläp başlady.

«Men şu ýaşyma çenli derman içip ýaşadym. Indi bu ýagdaý geçmişde galdy. Derman içmek zerurlygymyň ýokdugyna haýran galýan» diýip, Taý begenjini paýlaşýar.

Alymlar bu netijeleri lukmançylyk üçin möhüm ädim hasaplaýarlar we bu tehnologiýanyň seýrek genetik kesellerden ejir çekýän adamlarda täze umyt döretjekdigini belleýärler.


24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......