Alymlar metandan dermanlyk madda almagy öwrendiler

  • 04.03.2026 16:01
  • 1.2k+

Alymlar metany derman öndürmekde ulanyp boljak çylşyrymly himiki maddalara öwürmegiň täze usulyny işläp düzdüler. Bu baradaky barlag Science Advances žurnalynda çap edildi.

Taslamanyň esasy üstünligi – taryhda ilkinji gezek metandan gönüden-göni dimestrol maddasynyň alynmagydyr. Dimestrol gormonal terapiýada ulanylýan dermanlyk serişdedir. Adatça metan diňe ýangyç hökmünde ulanylýardy, indi bolsa bu maddany himiki senagaty üçin hem örän gymmatly çig mala öwürmek mümkinçiligi döredi.  

Mesele metanyň gurluş taýdan örän durnukly bolmagyndadyr. Ol beýleki maddalar bilen aňsat-aňsat täsirleşmeýär. Santýago-de-Kompostela uniwersitetiniň professory Martin Fanýanasyň ýolbaşçylygyndaky topar bu meseläni demir esasly kömekçi madda we LED çyralaryň ýagtysy arkaly çözdüler. Täze usul täsirleşmäni dogry ugra gönükdirmäge we artykmaç galyndylaryň emele gelmegini azaltmaga mümkinçilik berdi.

Netijede barlagçylar metan molekulasyna zerur bolan himiki bölegi birleşdirip, ondan has çylşyrymly we gymmatly birleşmeleri almagy başardylar. Demriň ulanylmagy bu usuly has elýeterli we howpsuz edýär, täsirleşme bolsa agyr şertleri talap etmezden kadaly ýagdaýda geçýär.


düýn 10:01
3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......