Türkmenistanda Sergeý Karýakiniň küşt klubuny açmak meýilleşdirilýär

  • 05.03.2026 07:33
  • 3.5k+

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýewiň russiýaly küştçi, grossmeýster, Moskwa oblastynyň Küşt federasiýasynyň prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň senatory Sergeý Karýakin, şeýle hem Moskwa oblastynyň Küşt federasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Albert Minnullin bilen iş duşuşyklary boldy.

Taraplar küştüň ösdürilmegi ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, bilelikdäki bäsleşikleri, okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmäge hem-de tälimçileriň we türgenleriň arasynda tejribe alyşmaga gönükdirilen Hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama gol çekdi.

Duşuşykda Türkmenistanda Sergeý Karýakiniň küşt klubuny açmak meselesine aýratyn üns berildi. Klubuň işe girizilmeginiň guramaçylyk ugurlaryny öwrenmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu klubuň ýaş küştçüleri taýýarlamak, ussatlyk sapaklaryny we halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin platforma bolmagy meýilleşdirilýär.

Şeýle hem çagalar we ýaşlar üçin maksatnamalary ösdürmek, onlaýn okuwlary gurnamak we türkmen küştçüleriniň «Asian Chess League» ýaryşlaryna hem-de Russiýa Federasiýasynyň çäginde geçirilýän beýleki bäsleşiklere gatnaşmagy baradaky meseleler maslahatlaşyldy.

Saparyň çäklerinde taraplaryň wekilleri 20 ýurtdan gelen wekiliýetleriň, şol sanda türkmen küştçüleriniň gatnaşmagynda geçirilen «Russiýanyň küşt täji» halkara festiwalynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşdy.

Belläp geçsek, Karýakin rapid (2012) we blitz (2016) boýunça dünýä çempiony, Dünýä kubogynyň eýesidir (2015). Ol 2016-njy ýylda dünýä çempiony ady ugrunda Magnus Karlsen bilen oýnady we taý-breýkde utuldy. 2003-nji ýylda russiýaly küştçi 12 ýyl 211 gün ýaşynda taryhda iň ýaş grossmeýster boldy (bu rekord 2021-nji ýyla çenli saklandy).

şu gün 11:10
4.7k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

düýn 23:57
3.1k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
10k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 08:03
2.8k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....