Mejlisde BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekili bilen duşuşyk geçirildi

  • 04.03.2026 15:26
  • 1.8k+

3-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Matilda Bogner bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň halkara başlangyçlary, ýurduň bitaraplyk hukuk ýagdaýy we ählumumy parahatçylygy üpjün etmekdäki orny, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada pikir alyşdy.

Türkmen tarapy adam hukuklary babatdaky borçnamalary ýerine ýetirmekde halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň degişli düzümleri bilen özara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Milli kanunçylygy kämilleşdirmek işinde halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Sebitleýin edarasynyň alyp barýan işleri barada maglumat berildi. Bu işler sebitiň ýurtlarynyň hökümetleri, hökümetara guramalar, raýat jemgyýeti, hususy pudak we BMG-niň düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynda adam hukuklaryny goramak boýunça maksatnamalary taýýarlamaga gönükdirilendir.

Matilda Bogner adam hukuklaryny goramak, gender deňligini üpjün etmek we maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny goramak meselelerinde Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, geljekde hem gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardygyny bildirdi.


düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......