Döwlet gullugy akademiýasynda kämil hünärmenleri taýýarlamagyň meseleleri maslahatlaşyldy

  • 04.03.2026 15:56
  • 5.9k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kämil döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň ähmiýeti, olaryň dolandyryş işinde tutýan orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çärä akademiýanyň professor-mugallymlary, magistrleri we dürli ministrlikleriň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we olary gaýtadan taýýarlamagyň döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigi nygtaldy. Häzirki wagtda akademiýada hünär ýokarlandyrmak boýunça 5 aýlyk we gaýtadan taýýarlamak boýunça 2 ýyllyk okuw maksatnamalary alnyp barylýar. Çykyş edenler bu okuwlary tamamlan hünärmenleriň ýurduň edara-kärhanalarynda netijeli iş alyp barýandyklaryny belledi.

Ylmy-amaly maslahat «Milli döwlet dolandyrylyşynyň taryhy kökleri» hem-de «Sanly ykdysadyýetiň ösüşi döwründe döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň meseleleri» atly bölümçelerde dowam etdirildi. Bölümçe mejlislerinde döwlet Baştutanynyň 2020-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda gol çeken «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň meseleleri hakynda» Kararynyň ähmiýeti barada durlup geçildi. Bu resminama esasynda tassyklanan täze Düzgünnamanyň we okuwa kabul etmegiň Tertibiniň akademiýanyň ylmy-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmaga uly itergi berendigi aýratyn bellenildi.


şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......