X-de ulanyjy işjeňliginiň rekordy hasaba alyndy: 2-nji martda ol iň ýokary derejesine ýetdi

  • 04.03.2026 16:52
  • 2k+

X sosial ulgamy (öňki Twitter) ulanyjylaryň gündelik işjeňligi boýunça täze rekord goýdy. 2026-njy ýylyň 2-nji martynda bu hyzmat özüniň bütin taryhyndaky iň ýokary işjeňlik derejesini görkezdi.

Mundan öň, 1-nji martda, hyzmatyň ýolbaşçylarynyň biri Nikita Bir (Nikita Bier): «Şu gün — taryhdaky iň uly gün» diýip mälim etdi.

Sosial ulgamyň ýolbaşçysy Ilon Mask bolsa az soňra muny tassyklap: «Şu wagta çenli iň işjeň ulanyş. Häzirlikçe» diýdi.

Eýýäm ertesi güni bu rekord täzelendi.

Ulanyjy işjeňliginiň artmagyny Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegine bolan dünýä derejesindäki gyzyklanma bilen baglanyşdyrýarlar. Bütin dünýädäki ulanyjylar habarlary ünsli yzarlaýarlar, teswir ýazýarlar, maglumatlar bilen paýlaşýarlar we çekişmelere işjeň gatnaşýarlar.


16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

05.03.2026 23:37
2.3k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

03.03.2026 23:28
7k+

2026-njy ýylda dünýäde iň köp girilen 20 saýt

2026-njy ýylda global internet trafikiniň esasy bölegi henizem az sanly iri platformalarda jemlenmeginde galýar. Olar ulanyjylaryň nähili maglumat gözleýşini, wideolary görşüni, aragatnaşyk saklaýşyny we internetde söwda edişini kesgitleýär...