BMW M2 ýaryş trassasy üçin täzelenme toplumyny aldy: ýeke özüniň bahasy 23,5 müň ýewro

  • 05.03.2026 12:11
  • 2.5k+

BMW konserni M2 sportkary üçin zawodda gurnalan M Performance Track Kit-e sargytlaryň açylandygyny yglan etdi. Bu toplum awtoulagyň ýaryş trassasynda işleýşini gowulandyrmak üçin niýetlenen, şol bir wagtyň özünde kupe gurnalandan soň hem adaty ýollarda sürmek üçin ulanylmaga rugsat berlen ýagdaýda galmagyna mümkinçilik berýär.

Satuwlar iýul aýynda başlar, bukjanyň bahasy 23 500 ýewro bolar.

Täzelenmelere üstünde işlenen aerodinamika girýär: sazlanyp bilýän öň splitter, teker arkalaryndaky goşmaça elementler, hereketlendiriji bölüminiň sowadyşyny gowulandyrmak üçin bölekler we BMW M4 ýaryş awtoulagyndan ylham alan yzky ganat. Yzky ganatda Germaniýanyň düzgünlerine laýyk gelýän ýol režimi we aýratyn ýol sazlamasy bar. Hüjüm burçuny sazlap bolýar.

Podweskasy täze sazlanyp bilýän amortizatorlar bilen üpjün edilen. Öň we yzky oklaryň ýer bilen aralygyny aýratynlykda 20 millimetr sazlap bolýar.

530 at güýjüne eýe bolan BMW M2 CS üçin aýratynlykda M Performance gaz çykaryjy ulgamy bar. Uglerod ýa-da titan uçlary bilen elýeterli bolan bu ulgam köp sanly ses režimlerine eýedir we awtoulagyň agramyny takmynan 8 kilogram azaldýar. Bahasy: 8343 ýewro.


01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.5k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....