Dodge güýçli sekiz silindrli Hellcat motory bilen enjamlaşdyrylan Charger modelini çykarar

  • 05.03.2026 10:01
  • 2.2k+

Dodge kompaniýasy häzirki Charger modeliniň sekiz silindrli (V8) Hellcat hereketlendirijisi bilen üpjün edilen täze görnüşini işläp taýýarlaýar. «Mopar Insiders» neşiriniň çeşmelere salgylanyp berýän habaryna görä, awtoulagyň bu görnüşi modeliň meýilleşdirilen täzelenmesiniň çäginde peýda bolar.

Dodge Charger kupesiniň we sedanynyň 2028-nji model ýylyna çenli täzelenmegine garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, modeliň iň güýçli görnüşiniň tanyşdyrylyşy eýýäm 2027-nji ýylda geçirilip bilner.

Taslamanyň işlenip düzülmegine golaýda täzeden dikeldilen SRT bölümi gatnaşýar. Bu ugruň ilkinji modeli Ram 1500 TRX pikaby boldy we neşiriň maglumatyna görä, Charger üçin hereketlendirijini hut şol modelden almak meýilleşdirilýär. Gürrüň 788 at güýjüni we 923 Nm aýlaw pursadyny öndürýän 6,2 litrlik V8 hereketlendirijisi barada barýar.

Restaýlinge (dizaýnyň täzelenmegine) çenli galan wagty kompaniýanyň goşmaça synaglar üçin ulanjakdygy bellenilýär. STLA Large platformasy içinden ýanýan hereketlendirijileri gurnamaga mümkinçilik berýär, ýöne uly we has kuwwatly motorlaryň utgaşdyrylmagy giňişleýin barlag maksatnamasyny talap edýär.

Kompaniýa bahasy, takmynan, 100 müň dollarlyk Ram 1500 TRX modeline bolan ýokary islegi maliýe delili hökmünde görkezýär.

Dodge Charger Hellcat-yň işlenip düzüljegi heniz resmi taýdan tassyklanmady.


şu gün 08:19
1.3k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

şu gün 01:38
4.2k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

düýn 14:04
9.7k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
5k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......