Özbegistan ABŞ-dan 300 sany uçýan awtomobil satyn almagy meýilleşdirýär

  • 04.03.2026 18:18
  • 11k+

Samson Sky amerikan kompaniýasy we Özbegistanyň Air Tashkent awiakompaniýasy «Switchblade» atly uçýan awtomobillerini Özbegistana getirmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler. Taraplar umumy bahasy 60 million dollar bolan 300 sany ulagdan ybarat tapgyr barada deslapky ylalaşyga geldiler diýip, PR Newswire portaly habar berýär.

Ýurduň ilkinji hususy awiakompaniýasy bolan «Air Tashkent» bu uçýan awtomobilleri hususy we täjirçilik uçuşlary üçin uçarmanlary taýýarlamakda ulanmagy meýilleşdirýär. Samson Sky mehanikleri okatmakda we serwis hyzmatlaryny guramakda kömek eder. Şeýle hem Samson Sky kompaniýasy «Switchblade» modelini Özbegistanyň ýollarynda we howa giňişliginde ulanmak üçin sertifikatlaşdyrmak maksady bilen hökümet bilen hyzmatdaşlyk eder.

Switchblade-iň tehniki aýratynlyklary barada aýdylanda, ol üç tekerli, iki orunlyk "transformerdir". Ýoldaky tizligi: 200 km/sag çenli (100 km/sag tizlige 5 sekuntda ýetýär). Howadaky tizligi: maksimal 322 km/sag.

Uçuş uzaklygy: 805 km çenli.

Awtomobilden uçara öwrülmek bary-ýogy 3 minut wagt alýar we ýekeje düwme arkaly amala aşyrylýar.

Ilkinji açyk uçuş synagy 2023-nji ýylyň noýabrynda ABŞ-nyň Waşington ştatynda geçirildi. Şonda ulag takmynan 150 metr belentlige galyp, hiç hili meselesiz gondy. Belläp geçmeli zadyň biri, bu ulag dikligine uçup-gonup bilmeýär; onuň uçmagy we gonmagy üçin 335 metr uzynlykdaky ýörite zolak gerekdir.


09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

04.06.2026 18:07
7.4k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......