Gemini indi mugtuna edilen gürrüňlerem ýatda saklaýar

  • 04.03.2026 15:22
  • 2.4k+

Google kompaniýasy Gemini goşundysynyň ähli mugt ulanyjylary üçin Past Chats (Öňki gepleşikler) funksiýasyny işe girizip başlady. Bu barada 9to5Google neşiri habar berýär. Mundan ozal öňki gepleşikleriň mazmunyny ýatda saklamak ukyby diňe Google AI abunaçylaryna elýeterlidi.

Bu täzelik emeli aňa berýän jogaplarynda öňki söhbetdeşliklere esaslanmaga we ulanyjynyň ileri tutýan ugurlaryny ýatda saklamaga mümkinçilik berýär. Indi ulanyjy her gezek täze sorag berende jikme-jik düşündirip durmaly bolmaz.

Goşundynyň sazlamalarynda Personal context (Şahsy kontekst) diýen bölüm peýda bolar. Ol ýerde gepleşikleriň taryhyny ýatda saklamagy açyp ýa-da öçürip, şeýle hem Gemini-niň işlemegi üçin esasy görkezmeleri belläp bolar. Mundan başga-da, emeli aňdan öňki gepleşikleriň maglumatyny ulanyp-ulanmandygyny gönüden-göni sorabam bolar.

Bu funksiýa eýýäm ulanyjylarda peýda bolup başlady. Ýewropadaky akkauntlar üçin onuň işe girizilmegi biraz soňa goýuldy.

Google geljekde mugt ulanyjylar üçin Personal Intelligence funksiýasyny hem hödürlemegi meýilleşdirýär. Ol kompaniýanyň Gmail, Google Photos we beýleki serwislerindäki maglumatlary ulanyp biler.


düýn 19:21
4k+

EA agentleri wirtual Nýu-Ýorkda «ýaşap gördi»: olar özüni nähili alyp barandyr öýdýäňiz?

Emergence AI startap kompaniýasy belli emeli aň modellerini 15 günüň dowamynda Nýu-Ýorkuň wirtual nusgasyna ýerleşdirip, täsin bir tejribe geçirdi. Hünärmenler adam gözegçiligi bolmadyk ýagdaýynda emeli aň......

28.05.2026 18:53
1.1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

26.05.2026 19:15
1.5k+

Google iPhone-larda gurnalan gözlegi satyn alandygy barada kazyýet kararyna garşy şikaýat etdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kazyýetiniň «iPhone-larda» düýpden gurnalan gözleg ulgamy derejesi üçin «Apple-a» edilýän tölegleri bikanun diýip ykrar eden antimonopol kararyna garşy şikaýat berdi. Bu barada......

23.05.2026 11:13
2.6k+

Nintendo-nyň täze mobil goşundysy suratlary oýunlara öwürmäge mümkinçilik berer

Nintendo kompaniýasy iOS we Android ulanyjylaryna suratlary mini-oýunlara öwürmäge mümkinçilik berýän «Pictonico!» atly goşundysyny çykarar....