Tesla-nyň awtopiloty 13,5 milliard kilometr aralygy geçdi

  • 05.03.2026 09:41
  • 2k+

Tesla kompaniýasynyň gözegçilik astyndaky awtonom sürüş ulgamy (FSD) eýýäm umumylykda 13,5 milliard kilometrden ýoly geçdi. Bu maglumatlar kompaniýanyň howpsuzlyga bagyşlanan resmi sahypasynda çap edildi.

Kompaniýa uly göwrümli real maglumatlaryň awtonom sürüş üçin neýroulgam platformasyny kämilleşdirmäge kömek edýändigini belleýär. Geçilen her kilometr ulgamy okatmak üçin täze ssenarileri we seýrek duş gelýän ýol ýagdaýlaryny goşýar.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask mundan ozal uly göwrümli howpsuz awtonom sürüş üçin takmynan 16 milliard kilometr okuw maglumatynyň zerurdygyny aýdypdy. Bu bolsa ulgamyň tejribede işlemeli bolan çylşyrymly ýol hadysalarynyň "uzyn dowamy" bilen baglydyr.

Häzirki depginler bilen Tesla awtomobilleriniň parky eýýäm şu ýyl FSD düzgüninde 16 milliard kilometr aralygy geçip, bellenen maksada ýetmegi mümkin.


şu gün 09:56
1.4k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....