Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi

  • 05.03.2026 05:58
  • 6k+

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan wekilleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär.
Bu jemgyýetçilik-syýasy çäre Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygyna we halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, açyklyk hem-de bäsdeşlik esasynda guralýar. Duşuşyklaryň dowamynda saýlawçylar dalaşgärleriň terjimehallary, hünär we guramaçylyk ukyplary, öňde goýan maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen ýakyndan tanyşýar. Dalaşgärler öz maksatnamalarynda Watanyň gülläp ösmegine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen anyk wezipeleri beýan edýär.

Ähli dalaşgärler üçin deň şertler döredilip, olar saýlawçylaryň sowallaryna jogap berýär we milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde öz bilim-tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýar. Saýlaw möwsümi baradaky maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýörite saýtynda yzygiderli beýan edilýär. Bu saýlawlar ýurtda demokratik ýörelgeleri has-da berkitmegiň we halk häkimiýetliligini dabaralandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar.


düýn 22:17
997

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:16
3.8k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....