Tikenleri pasla görä üýtgeýän tekerler bazara çykar

  • şu gün 15:04
  • 698

Finlýandiýanyň Nokian Tyres kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup tikenleriniň ýagdaýyny awtomat usulda üýtgedýän Hakkapeliitta 01 nusgaly awtomobi teker toplumyny hödürledi. Bu täzelik sürüjä dahylsyz öz-özünden dürli howa şertlerine görä uýgunlaşmak üçin niýetlenendir.

Tekeriň gurluşy ýörite rezin garyndysyna we tekeriň ýüzündäki nagyşlaryň köp gatlakly gurluşyna esaslanýar. Daşarky gurşawyň temperaturasy ýokarlananda, tikenler içine çekilýär. Bu bolsa gury asfaltdaky sesi azaltmaga we has oňaýly hereket etmäge kömek edýär. Howanyň temperaturasy peselende bolsa, tikenler gaýtadan daşyna çykyp, buzly ýollarda ýere berk ýapyşmagy üpjün edýär.

Şeýlelikde Hakkapeliitta 01 gyş paslyndaky buzly ýollarda durnuklylygy we tomus şertlerindäki ýollarda bolsa endigan hereketi özünde jemleýär.

Täze önümiň şu ýylyň güýzünde satuwa çykmagyna garaşylýar.


18.08.2024 14:16
5.6k+

Täze tehnologiýalar Olimpiýa oýunlaryna we türgenleriň dynç alşyna nähili täsir edýär?

Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlary emeli aňyň (AI) mümkinçiliklerini, wirtual hakykaty we täze sport enjamlaryny öz içine alýan ösen tehnologiýalary görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilige öwrüldi diýip, “Kommersant”...

03.06.2022 12:50
19k+

Toyota demi duýýan täze ulgamy hödürledi

Toyota Cabin Awareness diýip at alan täze howpsuzlyk konsepsiýasyny hödürledi. Onuň manysy awtoulagyň salonda adamlaryň ýa-da öý haýwanlarynyň galmazlygyna gözegçilik edip bilmegidir. Munuň üçin ulag salondaky...

03.12.2021 00:58
5.7k+

Hytaýlylar ulagy dolandyrmak üçin niýetlenen sagat çykararlar

Hytaýyň BYD awtoulag öndürijisi ýaňy-ýakynda çep tarapky yza bakýan aýnada smartfonlara we akylly sagatlara awtoulagy gulpdan açmaga mümkinçilik berýän NFC modulyny gurnap başlady. Häzirlikçe bu funksiýany diňe...

16.10.2021 18:38
9.9k+

Volkswagen sürüjisiz tiz kömek ulaglaryny döreder

Volkswagen geljekde öz-özi dolandyrylýan ID.Buzz miniweniniň konseptini tanyşdyrdy. Awtoulag üç görnüşde: tiz kömek, eltip bermek hyzmaty we taksi görnüşinde hödürlendi. Bu barada Volkswagen-iň Youtube kanalyna...