Täze tehnologiýalar Olimpiýa oýunlaryna we türgenleriň dynç alşyna nähili täsir edýär?

  • 18.08.2024 14:16
  • 5.6k+

Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlary emeli aňyň (AI) mümkinçiliklerini, wirtual hakykaty we täze sport enjamlaryny öz içine alýan ösen tehnologiýalary görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilige öwrüldi diýip, “Kommersant” belläp geçýär.

Guramaçylar AI-y synag hökmünde, esasan, sosial ulgamlara gözegçilik etmek we türgenleriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ulandylar.
AthleteGPT çatbotyny öz içine alýan Intel-iň Athlete365 ulgamy türgenlere dürli meseleler boýunça gyssagly maslahat almaga kömek etdi.
Olimpiýa şäherçesiniň sport zallaryny enjamlar bilen üpjün eden Technogym kompaniýasy, türgenleriň saglyk ýagdaýyna gözegçilik edýän we şahsylaşdyrylan okuw meýilnamalaryny hödürleýän platformalary döretmek üçin AI-y ulandy.

Mundan başga-da, türgenleri taýýarlamakda wirtual hakykat (VR) tehnologiýalary ulanyldy. Mysal üçin, awstraliýaly ýüzüjiler estafeta ýaryşlarynda koordinasiýany gowulandyrmak üçin VR äýnegini ulandylar.
Speedo we Mizuno ýaly sport eşiklerini öndürijiler türgenleriň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin ýokary tehnologiýaly materiallardan öndürilen egin-eşikleri hödürlediler.


01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

25.05.2026 16:22
2.6k+

GM awtoulaglary «bilelikdäki aň» arkaly päsgelçilikleriň içinden parran «görüp» bilerler

General Motors konserni ýol ýagdaýyny bilelikde kabul etmek ulgamyny («Collaborative Perception System») patentleşdirdi. Bu ulgam awtoulaglara maglumat alyşmaga we «kör zolaklary» bolmadyk giňişligiň ýeke-täk......

25.03.2026 14:51
6.1k+

Awtoulag senagaty üzül-kesil üýtgeýär: awtoulaglary diňe maşynlar ýygnar

Awtoulaglaryň adam gatyşmazdan ýygnaljak ilkinji doly awtomatlaşdyrylan zawodlary 2030-njy ýylda ABŞ-da ýa-da Hytaýda peýda bolup biler. Gartner we Warburg Research seljerijileriniň baha bermegine görä, doly awtomatlaşdyrmaga geçmek - geljek ýyllaryň meselesi...

22.03.2026 03:37
1.4k+

Tesla Roadster modeli üçin rewolýusion sport oturgyjyna patent aldy: onuň nämesi üýtgeşik?

Tesla kompaniýasy geljekki Roadster superkarynda ulanylyp bilinjek täze sport oturgyjy üçin patent aldy. Patent arzasynda monolit karkas — esasy bölegi, arkalygy, kellesindäki söýeg we gapdal diregleri özünde jemleýän bitewi kompozit gabyk beýan edilýär...