Awtoulag senagaty üzül-kesil üýtgeýär: awtoulaglary diňe maşynlar ýygnar

  • 25.03.2026 14:51
  • 6.1k+

Awtoulaglaryň adam gatyşmazdan ýygnaljak ilkinji doly awtomatlaşdyrylan zawodlary 2030-njy ýylda ABŞ-da ýa-da Hytaýda peýda bolup biler.

Gartner we Warburg Research seljerijileriniň baha bermegine görä, doly awtomatlaşdyrmaga geçmek - geljek ýyllaryň meselesi. Önümçilik emeli aňyň işine, sanly modellere we adam şekilli robotlara daýanar.

Iri 25 awtoulag öndürijisiniň 12-si eýýäm şeýle tehnologiýalary synagdan geçirýär. Olar ýygnamagy çaltlaşdyrýar, hili gowulandyrýar we adam faktorynyň täsirini azaldýar.

Hyundai 2028-nji ýyldan başlap ABŞ-daky zawodyna Boston Dynamics kompaniýasynyň robotlaryny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Mercedes-Benz Germaniýadaky önümçilik zawodynda Apollo robotlaryny synagdan geçirýär.

Bilermenler emeli aňy ulanmagyň täze modelleri bazara çykarmak üçin gerek bolan wagty 50% çenli azaltmaga we çykdajylary kemeltmäge mümkinçilik berer diýip hasaplaýarlar.

Adam zähmetinden doly ýüz öwürmegiň mümkin däldigini bellemek gerek. Inženerçilik wezipelerini çözmek, enjamlara tehniki taýdan hyzmat etmek, logistika we programma üpjünçiligini işläp düzmek üçin "adam" hünärmenler gerek bolar. Şol bir wagtyň özünde işgärleriň hünärini kämilleşdirmäge bolan talap artar.


düýn 09:56
5.3k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.7k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.7k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.2k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....