Mercedes-Benz 10 million dollara dikuçaryň içini bezäp berdi

  • 05.03.2026 10:50
  • 7.3k+

Mercedes-Benz kompaniýasy Airbus ACH145 dikuçarynyň ýörite wersiýasyny döretmäge gatnaşdy. Bu täze modele "Mercedes-Benz Edition" diýen at berildi.

Brendiň dizaýnerleri ýolagçy kabinasynyň interýerini özleriniň premium awtoulag modellerinde ulanylýan çözgütlerini esas edinip taýýarladylar. Dikuçaryň anyk bahasy açyk aýdylmasa-da, hünärmenleriň çaklamasyna görä, ol azyndan 10 million dollara barabardyr.

Täze önümiň tanyşdyrylyşynda meşhur Mercedes-Benz G-klass (Gelendwagen) ulanyldy. Şunlukda, dikuçaryň salonynyň arhitekturasy Ştuttgardyň ýeňil awtoulaglarynyň stilini ýatladýar. Interýerde ýumşak çyzyklar bilen utgaşýan sypaýy minimalistik stil ulanylypdyr.

Bezeg işleri gymmat bahaly deriden, tebigy agaçdan we metaldan ýerine ýetirildi.

Kabinada ýörite oňaýly oturgyçlar, bulgur goýulýan konsollar we ownuk goşlar üçin niýetlenen ýerler bar.

Müşderilere 6 sany esasy reňk görnüşi hödürlenýär, emma islege görä şahsy reňk taslamasyny hem sargyt etmek mümkin.

Dikuçaryň tehniki mümkinçilikleri hem öwgä mynasyp. Onuň tizligi sagatda 250 km-e çenli ýetýär. Uçuş dowamlylygy 4 sagada çenli. Sygymy: 4-den 8 ýolagça çenli.

Belläp geçsek, fewral aýynyň başynda Mercedes-Benz täzelenen S-klass sedanynyň interýeriniň täze görnüşini hem hödürläpdi. Onda ekologiýa taýdan arassa deriler, zygyr matasy we gaýtadan işlenen poliester ýaly materiallar ulanyldy.


06.03.2026 11:48
1.4k+

Ýewropaly we hytaýly alymlar lazer internetini döretmekde uly öňegidişlik gazandylar

Ýewropa kosmos agentligi taryhda ilkinji gezek uçar bilen emeli hemranyň arasynda gigabit tizlikli lazer aragatnaşygyny amala aşyrdy. Bu tejribe awiasiýa we barylmasy kyn bolan sebitler üçin giň zolakly interneti ösdürmekde möhüm tapgyrdyr...

20.02.2026 21:11
5.2k+

Airbus kompaniýasy Boeing bilen bäsleşmek üçin iň uly uçaryny ýene ulaltmak isleýär

Ýewropanyň awiagurluşyk kompaniýasy Airbus özüniň giň fýuzelýažly flagman A350 uçarynyň has köp ýolagçy sygdyrýan görnüşini çykarmak mümkinçiligini öwrenýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Giýom Fori 19-njy fewralda geçirilen ýyllyk brifingde mälim etdi...

düýn 22:44
1.5k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

düýn 20:50
4.7k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......