Meşhur Jeep öndürijisi taryhyndaky ilkinji ýyllyk zyýanyny mälim etdi

  • 04.03.2026 16:34
  • 4.3k+

Stellantis awtoulag konserni öz taryhynda çeken ilkinji ýyllyk zyýany barada habar berdi. CNBC-niň habaryna görä, 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça kompaniýa 26,3 milliard dollar zyýana galdy.

Ýitginiň esasy sebäbi elektromobilleriň önümçiligine çalt depginde geçmek üçin gönükdirilen maýa goýumlarynyň hatardan çykmagy boldy. Kompaniýa bu ugruny ösdürmäge goýlan 26,3 milliard dollarlyk aktiwleri ýatyrdy. Bu çözgüt, elektrik ulaglaryna bolan islegiň çaklamalardan pes bolmagy we Ýewropa Bileleşiginiň 2035-nji ýyldan hereket etmeli bolan içki ýangyç hereketlendirijili ulaglary satmagy gadagan etmek hakyndaky kararynyň güýjüni ýitirmegi bilen baglanyşyklydyr. Hut şol zerarly Stellantis öz maksatnamasyna gaýtadan garamaly boldy.

Kompaniýanyň baş müdiri Antonio Filosa işewürligiň täze gurluşynyň müşderileriň elektrik, gibrid we içki ýangyç hereketlendirijileriň ähli spektrinden saýlamak azatlygyny göz öňünde tutup geçiriljekdigini aýtdy.

Şeýlelikde, Stellantis tizleşdirilen ýagdaýda sap elektrik ulgamyndan ýüz öwürýär. Şuňa meňzeş ädimleri ozal GM, Ford, Honda we BMW ýaly beýleki awtoulag öndürijileri hem ädipdiler.

2025-nji ýyldaky zyýanyň goşmaça faktory ABŞ tarapyndan girizilen import paçlary boldy. Maliýe netijelerine baglylykda kompaniýa geçen ýyl üçin diwidentleriň tölegini togtadýandygyny hem yglan etdi.

2024-nji ýylda Jeep öndürijisi takmynan 6,5 milliard dollar peýda alypdy.


düýn 17:04
2.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
4k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......