Türkmenistanda birnäçe ulag taslamalary ulanylmaga berler

  • 04.03.2026 15:51
  • 8.7k+

Şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy tamamlanar we ulanylmaga berler. Bu maksatnama işjeň maýa goýum syýasatyna hem-de önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna goýulýan maýa goýumlaryň möçberini artdyrmaga ünsi jemleýär. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Maksatnamanyň çäklerinde şu ýyl gury ýer, suw we howa ulaglary arkaly ýük dolanyşygy ep-esli artdyrylar. Bu ugurda ýükleriň üstaşyr geçirilmegini artdyrmak üçin täze ugurlar dörediler we ýurduň geosyýasy ýerleşişiniň artykmaçlyklaryndan peýdalanylyp, ulag hyzmatlarynyň hili ýokarlandyrylar.

Şu maksatlar bilen 2026-njy ýylda Arkadag şäherinde demir ýol menziliniň we awtomenziliň gurluşygyny tamamlap, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Deňiz ulaglary pudagynda iki sany ýük gämisini we bir sany deňziň düýbüni çuňaldyjy gämini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Maksatnama Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» döwrebap ammar toplumynyň gurluşygyny, şeýle hem deňiz flotunyň «Ro-Ro» görnüşli täze gämi bilen üpjün edilmegini öz içine alýar.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......