Britan inženeri ýekeje şaryň üstünde ýöreýän motosikl ýasady

  • 04.03.2026 16:16
  • 7k+

Britan inženeri we wideoblogeri Jeýms Bruton deňagramlylygy saklap, ýekeje şaryň üstünde durup hereket edýän elektrikli motosikliň işçi prototipini hödürledi. Bu enjam korpusyny öwürmezden islendik keseligine ugra hereket edip bilýär. Motosikliň görkezme wideosy awtoryň YouTube kanalynda çap edildi.

Ulagyň deňagramlylygyny şaryň ýokarsynda biri-birinden deň aralykda ýerleşdirilen üç sany omni-tigir üpjün edýär. Her tigir kuwwaty 2 kWt çenli bolan elektrik hereketlendiriji bilen üpjün edilen we dikligine gurnalandyr. Bu çözgüt ýokary öwrümlerde passiw rolikleriň biri-birine urulmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Tigirleriň her haýsynda 18 rolikden ybarat iki hatar bar. Ulgamdaky rolikleriň jemi sany 216-a ýetýär.

Durnuklylygy saklamak üçin inersial ölçeg blogynyň maglumatlaryny işläp düzýän we ähli hereketlendirijileri bir wagtda dolandyrýan PID-sazlaýjy jogap berýär. Energiýany çykyş güýji 50 wolt bolan alty sany litiý-polimer akkumulýatory üpjün edýär. Enjamyň ramasy alýumin profilden ýasalyp, şaýlaryň köpüsi bolsa 3D-printerde çap edilendir.

Synag wagtynda iki sany mesele – gapdal dolandyryşynyň ýoklugy we tigir bilen şaryň biri-birine sürtülmegi netijesinde emele gelip, elektronika päsgel berýän elektrik ýygnanma ýüze çykdy.

Taslamanyň başlangyç kody we CAD-faýllary hemmeler üçin açyk görnüşde ýerleşdirildi.


15.06.2026 15:12
2.8k+

Otto Aerospace näme üçin ýolagçy penjiresiz uçar döredýär?

ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy dolanyşygy Otto Aerospace kompaniýasynyň üýtgeşik «Phantom 3500» biznes-jeti üçin güwänama talaplaryny kesgitledi. Uçaryň ýolagçylar üçin adaty penjireleri bolmaz. Deregine......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

02.06.2026 23:06
4k+

Fransiýada ganaty ýel berlip çişirilen uçarmansyz uçar synagdan geçirildi

Fransiýanyň Celeste Ecoflyers kompaniýasy adaty gaty materialyň deregine çişirilen dokma ganat ulanylan dAS10 ýük ucarmansyz uçarynyň ilkinji uçuş synaglaryny geçirdi....