Otto Aerospace näme üçin ýolagçy penjiresiz uçar döredýär?

  • şu gün 15:12
  • 578

ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy dolanyşygy Otto Aerospace kompaniýasynyň üýtgeşik «Phantom 3500» biznes-jeti üçin güwänama talaplaryny kesgitledi. Uçaryň ýolagçylar üçin adaty penjireleri bolmaz. Deregine onuň içine daşarky kameralardan gelýän şekilleri görkezýän ekranlar oturdylar.

Önüm öndürijileriň aýtmagyna görä, penjireleriň aýrylmagy howa akymyny gowulandyrmak üçindir we uçaryň göwresiniň tekiz bolmagy howanyň onuň üstünden bökdençsiz akyp geçmegine we ol tarapdan garşylygyň azalmagyna ýardam etmelidir.

Kompaniýa meňzeş klasdaky häzirki zaman biznes-jetleri bilen deňeşdirilende ýangyç sarp edilişini 61% azaltmagy göz öňünde tutýar. Bu görkezijiler entek synagaryň dowamynda tassyklanmaly bolar. Güwänama üçin arza 2025-nji ýylyň sentýabrynda gowşuryldy.

«Phantom 3500» uçarynyň ilkinji uçuşy 2027-nji ýyla, ulanyşa berilmegi bolsa 2030-njy ýyla meýilleşdirilýär. Taslamanyň iň iri sargytçysy 5 milliard dollardan gowrak baha bilen 300 sany uçar satyn almak meýilnamasyny yglan eden Flexjet kompaniýasy boldy.

Häzirki wagtda önüm öndürijiler materiallary synagdan geçirmegi we uçuş maksatnamasyna taýýarlygy dowam etdirýärler.


22.05.2026 14:31
3.7k+

Sebäbi bar: ABŞ-nyň awiakompaniýasy adampisint robotlaryň uçara mündürilmegini gadagan etdi

Amerikanyň Southwest Airlines awiakompaniýasy robotlary we olaryň akkumulýatorlaryny barlamak maksatly ýüze çykan birnäçe wakalardan soň, öz uçuşlarynda adampsint robotlary daşamagy bütinleý gadagan etdi....

04.03.2026 16:16
7k+

Britan inženeri ýekeje şaryň üstünde ýöreýän motosikl ýasady

Britan inženeri we wideoblogeri Jeýms Bruton deňagramlylygy saklap, ýekeje şaryň üstünde durup hereket edýän elektrikli motosikliň işçi prototipini hödürledi. Bu enjam korpusyny öwürmezden islendik keseligine ugra hereket edip bilýär...

22.03.2024 23:57
8.1k+

Hytaýda wodorod ýangyjy bilen işleýän ilkinji otly synag edildi

Hytaýyň CRRC Changke kompaniýasy wodorod ýangyjy bilen işleýän otlyny üstünlikli synagdan geçirdi diýip, Sinhua habarlar gullugyna salgylanýan TASS habar berýär. Synaglar Çançun şäherindäki (Hytaýyň demirgazyk...

düýn 16:13
5.1k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......