Sebäbi bar: ABŞ-nyň awiakompaniýasy adampisint robotlaryň uçara mündürilmegini gadagan etdi

  • 22.05.2026 14:31
  • 3.7k+

Amerikanyň Southwest Airlines awiakompaniýasy robotlary we olaryň akkumulýatorlaryny barlamak maksatly ýüze çykan birnäçe wakalardan soň, öz uçuşlarynda adampsint robotlary daşamagy bütinleý gadagan etdi.

CBS News teleýaýlymynyň habar bermegine görä, bu kararyň kabul edilmegine dallasly telekeçi, robotlary kärendä bermek bilen meşgullanýan Robot Studio kompaniýasynyň eýesi Aaron Mehdizada bilen bagly waka sebäp boldy. Ol boýy takmynan 1,2 metr bolan «Stýui» atly robotyny ýolagçy salonynda alyp gitmäge synanyşdy. Telekeçi robotyny owalbaşda ýük hökmünde resmileşdiräýmegiň deregine, ähtimal, köpçüligiň ünsüni çekmek maksady bilen, oňa aýratyn ýolagçy ýerini satyn alypdyr.

Şu wakadan birnäçe gün öň hem Southwest kompaniýasynyň başga bir uçuşynda meňzeş ýagdaý ýüze çykypdy. Şonda bort barlagçylary oklendli ýolagçynyň robotynyň guratlygyny we onuň litiý-ion batareýasynyň howpsuzlygyny anyklamak üçin köp wagt sarp etdiler we netijede uçuş bir sagat gijä galdy.

Şeýle wakalardan soň, awiakompaniýa asdampsint robotlary we robot-haýwanlary uçaryň salonyna mündrümegi, şeýle hem olary hasaba alnan ýük hökmünde-de kabul etmegi düýbünden gadagan edýändigini yglan etdi.

Kompaniýa öz düşündirişinde bu kararyň litiý-ion akkumulýatorlaryna degişli bolan howpsuzlyk düzgünlerini doly berjaý etmek maksady bilen kabul edilýändigini belleýär.


09.06.2026 23:32
3.7k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

07.06.2026 20:08
4.7k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

03.06.2026 23:03
7.1k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......