Hytaýda wodorod ýangyjy bilen işleýän ilkinji otly synag edildi

  • 22.03.2024 23:57
  • 8.1k+

Hytaýyň CRRC Changke kompaniýasy wodorod ýangyjy bilen işleýän otlyny üstünlikli synagdan geçirdi diýip, Sinhua habarlar gullugyna salgylanýan TASS habar berýär.

Synaglar Çançun şäherindäki (Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Szilin welaýaty) ýörite ugurda geçirildi. Otly sagatda 160 km tizlige ýetdi, hünärmenleriň pikiriçe, bu "demir ýol ulaglary pudagynda wodorod energiýasyny ulanmakda täze öňe gidişlikdir".
Wodorod bilen işleýän otlularyň birnäçe artykmaçlygy bar. Olar dizel ýangyjyndan we elektrik energiýasyndan tapawutlylykda, zyýanly zyňyndylary çykarmaýarlar. Şeýle hem, olar sessiz işleýändigi, çalt ýangyç guýmak ukyby we uly ýöreýiş ätiýaçlygy bilen tapawutlanýar. Wodorod otlulary bir gezek guýlan ýangyç bilen 800-1000 km aralygy geçip bilýärler.
Hytaý wodorod ulaglaryny işjeň ösdürýär. Ýurduň wodorod ýük awtoulaglarynyň, awtobuslaryň, taksileriň we ýeňil ulaglaryň parkyny döretmek baradaky uly meýilnamalary bar.
Wodorod otlulary Germaniýa, Fransiýa, Ýaponiýa we Günorta Koreýa ýaly beýleki ýurtlarda hem synagdan geçirilýär.


28.05.2026 17:08
5.3k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
1.9k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......

25.05.2026 16:14
5.3k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....

22.05.2026 14:31
3.6k+

Sebäbi bar: ABŞ-nyň awiakompaniýasy adampisint robotlaryň uçara mündürilmegini gadagan etdi

Amerikanyň Southwest Airlines awiakompaniýasy robotlary we olaryň akkumulýatorlaryny barlamak maksatly ýüze çykan birnäçe wakalardan soň, öz uçuşlarynda adampsint robotlary daşamagy bütinleý gadagan etdi....