Apple kompaniýasy M5 çipli we has kuwwatly MacBook Air we MacBook Pro modellerini çykardy

  • 05.03.2026 07:23
  • 1.8k+

Apple kompaniýasy täzelenen MacBook Air we Pro modellerini, şeýle hem iki sany täze monitory hödürledi.
MacBook Air modeli M5 çibi, ulaldylan ýat we 18 sagada çenli zarýadsyz işlemek mümkinçiligi bilen üpjün edildi. Täze prosessor emeli aň bilen bagly wezipeleri öňküden dört esse çalt ýerine ýetirýär.

Noutbugyň 13,6 we 15,3 dýuýmlyk iki sany displeýi bar, ýagtylygy 500 nit. 512 GB SSD ýadyny 4 TB çenli ulaltmak mümkin. Gurluşlar 12 Mp kamera we Wi-Fi 7 hem-de Bluetooth 6 goldawy bolan N1 çibi bilen enjamlaşdyryldy. 13 dýuýmlyk wersiýasynyň bahasy — 1099 dollar, has uly displeýli noutbugyň bahasy bolsa 1299 dollar.
MacBook Pro modeli M5 Pro we M5 Max çipleri bilen işleýär. Prosessorlaryň 18 sany CPU ýadrosy we 40-a çenli grafiki ýadrosy bar. M5 Pro öňki model bilen deňeşdirilende öndürijiligi 30% ýokarlandyrýar, M5 Max bolsa 3D animasiýa, goşundylar we emeli aň wezipeleri üçin has laýyk gelýär.
14 we 16 dýuýmlyk Liquid Retina XDR displeýleriniň HDR režimindäki ýagtylygy 1600 nite çenli ýetýär. SSD ýadynyň tizligi iki esse artdyryldy. M5 Pro-ly noutbugyň başlangyç ýady 1 TB, M5 Max çipli modeliňki bolsa 2 TB möçberindedir.
14 dýuýmlyk displeýli M5 Pro-nyň bahasy 2199 dollar, M5 Max-yňky bolsa 3599 dollar boldy. 16 dýuýmlyk ekrana eýe bolan noutbuklaryň bahasy bolsa 2699 we 3899 dollara deňdir.

Şeýle-de, Apple 5K durulygy we ýokary ýagtylygy bolan 27 dýuýmlyk Studio Display we Studio Display XDR monitorlaryny hödürledi. Adaty Studio Display-iň bahasy 1599 dollar, Studio Display XDR-iň bahasy bolsa 3299 dollar boldy.
Bularyň ählisi 11-nji martda satuwa çykar.


09.06.2026 23:04
2.7k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.7k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....