TCL Swarovski kristallary bilen bezelen «CrystalClip» gulaklyklaryny tanyşdyrdy

  • 05.03.2026 12:03
  • 2.1k+

TCL kompaniýasy «MWC 2026» sergisinde täze «CrystalClip» simsiz gulaklyklaryny görkezdi. Bu model klipsa (gysgyç) ýaly dakylýan açyk gulaklyk bolup, ony ulanan wagtyňda töweregiňdäki sesleri hem eşidip bolýar.

Gulaklyklaryň gurluşy titan splawyndan ýasalypdyr. Şol sebäpli olar gulakda ygtybarly durýar we uzak wagtlap dakylanda hem artykmaç agram salmaýar. Enjam goşa magnitli dinamik ses çykaryjylar, şeýle hem giňişleýin audio we baslary güýçlendirmek funksiýalary üpjün edilen. Jaňlar üçin bolsa, goşa mikrofonly ses basyjy ulgamy göz öňünde tutulypdyr.

Gulaklyklar TCL smartfonlary bilen bilelikde ulanylsa, ýörite goşundylar arkaly sinhron terjime funksiýasyny hem ýerine ýetirip bilýär. Enjamyň zarýad beriş gutujygy bilen jemi iş wagty 36 sagada ýetýär, şeýle hem çalt zarýad beriş mümkinçiligi-de bar.

Mundan başga-da, täze gulaklygyň Swarovski brendi bilen bilelikde döredilen aýratyn «CrystalClip» görnüşi tanyşdyryldy. Bu modelde kristallary bolan bägül görnüşli aksesuar bar. Ony gulaklyga dakyp ýa-da aýratyn şaý-sep hökmünde hem ulanyp bolýar.

Gulaklygyň standart görnüşiniň bahasy 79 ýewro, «Swarovski» kristallary bilen bezelen görnüşiniň bahasy bolsa 149 ýewro diýlip kesgitlenildi.


şu gün 15:47
515

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

şu gün 07:53
1.9k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

şu gün 01:36
3k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

düýn 23:59
4.8k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......