7.9k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň gatnaşmagynda bag ekmek möwsümine badalga berildi

8-nji noýabrda Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň günortasynda 12 ýyllyk türkmen arçasyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi...

4.9k+

Ysmaz adam Neuralink-iň kömegi bilen daş-töweregi görüp başlady

Neuralink-iň hassasy Bred Smit görmekden mahrum bolmandy, ýöne amiotrofik gapdal sklerozy sebäpli ol kellesini hereket etdirip bilenokdy. Ýöne ol beýni implantyny ulanmagyň täze usulyny tapdy. Indi ol Neuralink-i ýörite berkidilen web-kamerany dolandyrmak üçin ulanýar...

5.3k+

Dubaý barly adamlar üçin iň gowy şäherleriň reýtinginde öňdebaryjy boldy

Dubaý ýokary girdejili adamlar üçin iň özüne çekiji şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Reýting Savills Plc emläk dellaly tarapyndan düzüldi. Barlagda dünýäniň 30 megapolisine baha berildi. Dubaý miras we kapital ösüşi üçin salgytlaryň ýokdugy, ösen infrastrukturasy, howpsuzlygyň ýokary derejesi we halkara mekdepleriň has köpdügi bilen reýtingiň başyna çykdy...

8.7k+

Maýkl Jekson barada biografik filmiň ilkinji tizeri çykdy

Lionsgate kinokompaniýasy pop sazynyň şasy Maýkl Jeksonyň durmuşyna we döredijiligine bagyşlanan köpden bäri garaşylan biografik filmiň ilkinji tizerini hödürledi. “Maýkl” filminiň premýerasy 2026-njy ýylyň 24-nji apreline meýilleşdirilýär...

2.4k+

Türkmenistanyň DIM-nde CARIСC bilen hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat beriş utgaşdyryş merkeziniň (CARIСС) direktory Mahmut Hamidowyň arasynda duşuşyk geçirildi...

4.5k+

Gwardiola tälimçi karýerasynda 1000-nji oýnuny geçirer

“Mançester Sitiniň” baş tälimçisi Hosep Gwardiola halypa hökmünde 1000-nji oýnuny geçirer. Angliýanyň Premýer-ligasynyň 11-nji tapgyrynyň çäklerinde “Liwerpula” garşy oýun ispaniýaly hünärmen üçin şanly waka bolar...

9k+

Gabsburglar maşgalasynyň ýiten göwheri 100 ýyldan gowrak wagtdan soň tapyldy

100 ýyldan gowrak wagt bäri ýiten diýlip hasaplanýan Gabsburglar hazynasyndan “Florenties” göwheri tapyldy. Häzire çenli ol Kanadanyň Kwebek welaýatynyň bank seýfinde saklanypdyr, ýöne maşgalanyň köp agzasy bu barada bilmeýärdi diýip, maşgalabaşy Karl Gabsburg-Lotaringskä salgylanyp, The New York Times we Der Spiegel habar berdi...

9.8k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ iş sapary tamamlandy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Waşington şäheriniň Andrews Halkara howa menziline bardy. TDH-nyň habar berşi ýaly, bu ýerde Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A...

5.7k+

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Hasyl toýy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerini, hasyl ussatlaryny we ähli halkyny Hasyl toýy mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutany Hasyl toýuny daýhanlary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýan ajaýyp baýram, türkmen daýhanlarynyň ýylboýy çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde bildirilýän hormatyň nyşany diýip atlandyrdy...

9.2k+

Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň başlygy Bill Hýuzenga hem-de onuň orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw bilen duşuşdy...

22k+

Serdar Berdimuhamedow Ak tamda Donald Tramp bilen duşuşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Ak tamda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Ak tamyň Ruzwelt otagynda Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy...

2.6k+

Sora wideogeneratory indi Android-de elýeterli boldy

ChatGPT hyzmatyny döreden OpenAI kompaniýasy wideo döredýän Sora hyzmatynyň Android ulgamlary üçin wersiýasyny çykardy. Programma eýýäm Google Play-de peýda boldy, emma häzirki wagtda ähli ýurtlarda elýeterli däl...

7.5k+

Dünýäniň iň uly import edijileri belli edildi

Bütindünýä Söwda Guramasynyň maglumatlaryna görä, ABŞ 2024-nji ýylda hem dünýäniň iň uly import ediji ýurdy bolmagynda galdy. Ýurduň haryt satyn alşy umumy dünýä importynyň 13%-den gowragyny emele getirdi. ABŞ-nyň import mukdary 3,4 trillion dollara deň boldy...

4.6k+

Ýaponiýada ýabany köklerden alnan täze üzüm sorty döredildi

Okaýamanyň Tebigy ylymlary uniwersitetiniň alymlary Muskat Siragaý atly täze üzüm sortuny döretdiler. ScienceDaily-niň ýazmagyna görä, ol süýjüligi we ýumşak tagamy bilen tapawutlanýar hem-de geljekde giň gerimde ösdürip ýetişdirmek üçin uly mümkinçiliklere eýe...

3.7k+

Stellantis akkumulýatorlarynyň ýangyn howpy sebäpli 375 müň gibrid Jeep-i yzyna gaýtarýar

Stellantis awtokonserni akkumulýator batareýalarynda ýangyn döremek howpy sebäpli dünýä boýunça 375 müň sany Jeep Wrangler we Jeep Grand Cherokee gibrid ulaglaryny yzyna çagyrdy. Bu barada CNN habar berýär. Yza çagyryş ​2020–2025 ýyllar aralygynda öndürilen Jeep Wrangler modellerini hem-de  2022–2026 ýyllaryň Jeep Grand Cherokee modellerini öz içine alýar...