1300 dollarlyk Samsung Galaxy S26 Ultra 40 GB-lyk öňünden gurnalan programmalar bilen gelýär

  • 15.03.2026 14:01
  • 6.7k+

Takmynan 1300 dollardan satylýan Samsung Galaxy S26 Ultra smartfony köp sanly öňünden gurnalan programmalar bilen satuwa çykarylýar. Android Authority neşiriniň berýän maglumatyna görä, bu programmalar enjamyň ýadyndan jemi 40 GB töweregi ýer tutýar.

Neşiriň bellemegine görä, bu goşundylaryň köpüsi Samsung tarapyndan däl-de, eýsem onuň hyzmatdaşlary tarapyndan işlenip düzülendir. Olaryň arasynda Microsoft, Meta we Spotify ýaly kompaniýalaryň hyzmatlary bar.

Şol bir wagtyň özünde, smartfondaky üçünji tarap programmalarynyň sany o diýen kän däl. Olara aşakdakylar degişlidir:

  • Facebook
  • Instagram
  • M365 Copilot (emeli añ kömekçisi)
  • OneDrive
  • LinkedIn
  • Outlook
  • Link to Windows
  • Spotify
  • Bulardan başga-da, enjamda Samsung we Google tarapyndan hödürlenýän köp sanly programma gurnalandyr.

Flagman smartfonyň ýat göwrüminiň ep-esli uly bolandygyna garamazdan, Android Authority-niň awtorlary ulanyjynyň özi tarapyndan gurnalmadyk programmalar üçin munuň barha köpelýändigini belleýärler.


23.05.2026 10:37
4.3k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.5k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

18.05.2026 01:22
2.7k+

Samsung kompaniýasynyň täzeligi: geljekki smartfonlar gologrammalary äýneksiz görkezip bilerler

Samsung smartfonlar üçin golografik displeý tehnologiýasy boýunça içerki barlaglary geçirýär, bu tehnologiýa ulanyjylara ýörite äýnekleri ulanmazdan, üç ölçegli suratlary görmäge mümkinçilik berer....

15.05.2026 15:33
1.6k+

Samsung smartfonlarynda push-mahabatlary akylly usulda bloklaýan ulgam ornaşdyryldy

Samsung kompaniýasy Device Care goşundysyny täzeledi we oňa push-bildirişlerindäki spam hem-de mahabatlar bilen awtomatiki göreşmek üçin niýetlenen "Intelligent Blocking" funksiýasyny goşdy....