Italiýa 30 million ýewro Karawajonyň eserini satyn aldy. Onda kimiň keşbi bar?

  • 14.03.2026 12:33
  • 2.7k+

Italiýa döwleti XVII asyryň meşhur suratkeşi Karawajonyň (Mikelanjelo Merizi) galamyndan çykan «Monsinýor Maffeo Barberininiň portreti» atly eserini 30 million ýewro satyn aldy. Takmynan 1598-nji ýylda çekilen bu polotno, hünärmenleriň pikiriçe, ýurduň aýry-aýry sungat eserine eden iň uly maýa goýumlarynyň biri boldy.

Eserde şol wagtlar Apostol palatasynyň ruhany bölüminiň işgäri bolup hyzmat edýän 30 ýaşlaryndaky Maffeo Barberi şekillendirilipdir. Soňra ol 1623-nji ýylda tagta çykyp, Rim papasy Urban VIII boldy. Bu pontifik taryhda sungatyň we barokko arhitekturasynyň uly hemaýatkäri hökmünde tanalýar.

Bir wagtlar bu eseriň hakykatdan hem Karawajo degişlidigi uly jedelleri döredipdi. Emma 1963-nji ýylda sungat öwreniji Roberto Longiniň «Karawajonyň hakyky «Maffeo Barberinisi»» atly makalasy çap edilenden soň, hünärmenleriň köpüsi eseriň asyl nusgadygyny ykrar etdiler.

Italiýanyň medeniýet ministri Alessandro Juli:«Bu eser aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Hut şu surat nakgaşyň döredijiliginiň häzirki zaman dünýäsinde täzeden öwrenilmeginde düýpli orun tutdy» diýip, eseriň ähmiýetli tarapy hakynda nygtady.

Döwlet suraty hususy kolleksiýadan satyn almak üçin bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýörite gepleşikleri geçirdi. Indi bu portret Karawajonyň beýleki şedewrleri, şol sanda 1971-nji ýylda satyn alnan meşhur «Ýudif we Olofern» eseriniň ýanynda ornaşyp, Rimiň «Palasso Barberini» muzeýindäki hemişelik gymmatlyga öwrüler.


şu gün 16:13
2.2k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:39
3.8k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 16:49
3.2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 11:37
4.9k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......