Astronomlar ilkinji gezek magnetaryň döreýşini surata düşürdiler

  • 14.03.2026 16:16
  • 2.4k+

Astronomlar ilkinji gezek magnetaryň — örän güýçli magnit meýdany bolan neýtron ýyldyzynyň döreýşine tomaşa etdiler. Bu açyş magnetarlaryň aşa ýagty täze ýyldyzlary energiýa bilen üpjün edýändigi baradaky 16 ýyllyk teoriýany tassyklady.

SN 2024afav atly täze ýyldyz adatdakysyndan has uzak wagtlap ýagtylyk saçdy we onuň ýagtylygy «şybyrdy» diýlip atlandyrylýan gysga wagtlyk tutaşmalar arkaly üýtgedi. Alymlar bu ýyldyzyň aýlanma tizliginiň 4,2 millisekunda deňdigini, magnit meýdanynyň bolsa Ýeriňkiden 300 trillion esse güýçlidigini anykladylar.

«Biz aşa ýagty täze ýyldyzyň ýadrosynyň gysylmagy netijesinde magnetaryň emele gelýändiginiň inkar edip bolmajak subutnamasyny aldyk. Bu açyş güýçli ýagtylygyň çeşmesiniň hut magnetaryň energiýasydygyny görkezýär» diýip, barlagyň awtorlarynyň biri, Kaliforniýa uniwersitetiniň professory Aleks Filippenko belleýär.

Umumy otnositelklik teoriýasy tarapyndan öňünden çaklanan ýyldyzyň yrgyldylary magnetaryň täze ýyldyzy energiýa bilen üpjün edýändigini tassyklady. SN 2024afav Ýerden takmynan bir milliard ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýär.

Alymlaryň bellemegine görä, ýagtylygy güýçli täze ýyldyzlaryň hemmesi magnetarlar tarapyndan iýmitlenmeýär, emma bu açyş şeýle obýektleri we olardaky fiziki hadysalary öwrenmek üçin düýpli mümkinçilikleri açýar.


şu gün 10:51
464

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
3.8k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....