Dizaýny bilen haýran eden Alfa Romeo 33 Stradale ýylyň awtomobili boldy

  • 15.03.2026 14:18
  • 3.4k+

Alfa Romeo 33 Stradale modeli Portugaliýanyň iň meşhur awtomobil bäsleşiginde «Ýylyň dizaýny» baýragyna mynasyp boldy.

Dizaýnyň, inženerçilik çözgütleriniň we duýgy täsiriniň ajaýyp sazlaşygy hasaplanýan bu model stil, funksionallyk hem-de ýerine ýetiriliş hili taýdan bahalandyrylýan kategoriýada birinji orny eýeledi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin awtomobil Portugaliýa getirilip, eminler toparyna ýapyk tanyşdyrylyşda görkezildi. Hünärmenler modeliň aýratynlyklaryny — onuň ölçeglerini, kuzowynyň görnüşini we estetika bilen tehniki çözgütleriň sazlaşygyny jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik tapdylar.

Mundan başga-da, awtomobil Lissabondaky Armando Martins adyndaky häzirkizaman sungat muzeýinde (MACAM) ýörite sergilendi. Ol ýerde bu model sungat meýdançasynda awtomobil dizaýnynyň naýbaşy nusgasy hökmünde tomaşaçylara hödürlendi.

Awtomobiliň Portugaliýa bilen baglanyşygyny Razão Automóvel portugal kompaniýasy tarapyndan düşürilen «Gyzyl reňkli arzuw» («Мечта в красном») atly wideorolik hem subut edýär. Bu wideo «International Motor Film Awards 2025» baýragyna dalaşgär hökmünde hödürlendi.

Alfa Romeo 33 Stradale diňe bir dizaýny bilen däl, eýsem çäkliligi bilen hem meşhurdyr. Häzirki wagtda bu awtomobiliň dünýä boýunça diňe 33 sany nusgasy bar. 


şu gün 08:19
164

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

şu gün 01:38
1.9k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

düýn 14:04
8.4k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
4.9k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......