Tanymal köçe suratkeşi Benksiniň hakyky ady anyklandy

  • 14.03.2026 18:54
  • 7.4k+

Dünýäniň iň tanymal, şol bir wagtyň özünde-de nätanyş köçe suratkeşi Benksiniň hakyky adynyň Dewid Jonsdygy anyklandy. Şeýle netijä Reuters agentliginiň žurnalistleri geçiren derňewleriniň netijesinde geldi.

Benksiniň şahsyýetini anyklamak boýunça ilkinji synanyşyk 2008-nji ýylda edilipdi. Şonda «Mail on Sunday» gazeti ony asly Bristoldan bolan Robin Ganningem diýip atlandyrypdy. Bu neşirden soň suratkeşiň resminamalary üýtgedi we indi onuň pasportynda Beýik Britaniýada has giňden ýaýran Dewid Jons ady peýda boldy.

Derňew işiniň dowamynda Reuters-iň wekilleri Benksiniň ýakyn töweregindäki 10-dan gowrak adam bilen söhbetdeş boldy, emma olaryň hiç biri suratkeşiň şahsyýetini ne tassyklady, ne-de inkär etdi. Täze ady anyklamaga açyk resminamalar, şol sanda graffiti ussadynyň işi bilen baglanyşykly öňki bugalteriň hasabatlary kömek etdi. Agentlik bu maglumatlaryň gizlinligi sebäpli resminamalary çap etmeýär.

Žurnalistler Benksiniň döredijiliginde anonimligiň (nätänyş bolup galmagyň) örän möhümdigini, emma onuň şahsyýetiniň mälim edilmeginiň jemgyýetçilik üçin uly ähmiýete eýedigini nygtaýar. Suratkeşiň töweregindäki käbir adamlar maglumatlary äşgär etmezlik barada ylalaşyga gol çekdi, beýlekiler bolsa oňa bolan hormaty sebäpli dymýar. Adamlaryň ady aýtmazlygynyň ýene bir sebäbi — onuň işleriniň hakykylygyny barlaýan we täze eserlerini ilkinji bolup kime satmalydygyny çözýän abraýly «Pest Control Office» kompaniýasyndan gelip biljek täsirlerden gorkmagydyr. Şeýle hem, suratkeşiň aklawçysy anonimligi ýitirmegiň müşderisi üçin howpludygyny, sebäbi onuň öz döredijiligi üçin ýyllarboýy haýbatlara sezewar bolup gelýändigini öňe sürdi.


şu gün 10:39
3.8k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 16:49
3.2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 11:37
4.9k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 07:47
1.4k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....