Bloger kemi ýok! Merlin atly doňuz 3,5 million abunaçysy bilen rekord goýdy

  • 15.03.2026 19:29
  • 6.4k+

Merlin atly dört ýaşly öý doňzy dünýäniň iň meşhur doňuz-blogeri hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada New York Post neşiri habar berýär.

Wýetnamly bu doňzuň iki sany sosial ulgamdaky umumy auditoriýasy 3,5 million adama ýetdi.

Onuň eýesi Mina Alali doňzy 2022-nji ýylyň baharynda, entek jojuk wagty satyn alypdyr we oňa ýörite sesli düwmeleriň kömegi bilen aragatnaşyk saklamagy öwredipdir.

Häzirki wagtda Merlin 30-dan gowrak buýrugy ýerine ýetirmegi başarýar. Ol düwmeler arkaly iýmit sorap, oýun oýnamagy teklip edip, öwgüli sözler üçin hoşallyk bildirip, eýesine haýyrly ertir arzuwlap bilýär.

Merliniň eýesi bilen gürleşýän wideolary we onuň gündelik durmuşy baradaky bloglar oňa dünýä rekordçysy diýen derejäni getirdi.


şu gün 00:07
1.2k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......