Mercedes ýene-de öňde: Antonelli — «Formula-1-iň» taryhynda iň ýaş ikinji ýeňiji

  • 15.03.2026 19:17
  • 2.4k+

«Mercedes» toparynyň italýan sürüjisi Andrea Kimi Antonelli «Formula-1» çempionatynyň täze möwsüminiň ikinji tapgyry bolan Hytaý Gran-prisiniň ýeňijisi boldy.

19 ýaşly Antonelli ýaryşlar tapgyrynyň taryhynda iň ýaş ýeňijileriň hataryna girdi. Bu görkeziji boýunça ol diňe 2016-njy ýylda 18 ýaşynda ýeňiş gazanan Maks Werstappenden yza galýar. Şeýle hem italýan sürüjisi kwalifikasiýa ýaryşynda ýeňiş gazanan iň ýaş sürüji bolup, rekord goýdy.

Hytaý Gran-prisinde ikinji orny Antonelliniň «Mercedes-däki» ýoldaşy Jorj Rassell eýeledi. Baýrakly üçlügi dünýäniň ýedi gezekki çempiony Lýuis Hemilton jemledi. Ol «Ferrari» toparynyň düzüminde ilkinji gezek münbere çykdy.

Çempionatyň häzirki ýeňijisi Lando Norris we onuň «McLaren-däki» ýoldaşy Oskar Piastri tehniki näsazlyklar sebäpli ýaryşa gatnaşyp bilmedi.

Ýatlap geçsek, Melburnda geçirilen möwsümiň birinji tapgyrynda hem «Mercedes» topary ilkinji iki orny eýeläpdi, ýöne şonda Rassell ýeňiş gazanyp, Antonelli ikinji bolup pellehana geldi.


19.06.2026 19:42
1.6k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

29.05.2026 15:15
19k+

Ronaldunyň iň gowy 5 awtoulagy: 10 mln dollarlyk Bugatti we Joržinanyň sowgat eden «Gelendwageni»

Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....