Günorta Koreýanyň Pusan şäheriniň häkimiýeti çaga dogulmagy üçin 200 müň dollar töleýär

  • 15.03.2026 19:52
  • 15k+

Günorta Koreýa dünýäniň iň ösen ykdysadyýetli döwletleriniň biri hasaplanylýar. Ýurt özüniň ýokary tehnologiýaly senagaty, dünýä belli brendleri we ýokary ýaşaýyş derejesi bilen tanalýar. Emma muňa garamazdan, respublikanyň ilatynyň sany güýçli depginde azalýar.

2020-nji ýyldan bäri ýurtda aradan çykýanlaryň sany dogulýanlaryň sanyndan artyk gelýär. Häzirki wagtda ýaşaýjylaryň takmynan 21%-i 65 ýaşdan uly adamlardyr. Hut şonuň üçin hem koreý jemgyýeti «aşa garry» kategoriýasyna degişli edilýär. Dogulýanlaryň sanynyň pes bolmagynyň esasy sebäpleri hökmünde jaýlaryň gymmatlygy, çaga ulaltmak üçin çykdajylaryň köplügi we ýaşlaryň agramly böleginiň diňe karýera üns bermek islegi görkezilýär.

Günorta Koreýanyň «deňiz paýtagty» hasaplanýan Pusan şäheri bu demografik pese gaçyşyň nyşanyna öwrüldi. Bu ýerde her aýala düşýän çagalaryň sany 0,5-den çala köpdür. Şäheriň merkezi köçelerinde gezelenç edeniňde,  hamyla aýallara ýa-da kiçi çagaly maşgalalara duş gelmek örän seýrek hadysa.

Ýagdaýy düzetmek üçin ýerli häkimiýetler uly maliýe goldawly maksatnamany ýola goýdular. Şunlukda şäher häkimligi ýaşlaryň tanyşmak üçin duşuşyk çykdajylaryny, gudaçylyk dabaralaryny we toýdan soňky syýahatlaryny töleýär. Olar ýaş çatynjalara nika baglaşmak we toý sowmak üçin 50 million won (takmynan 33,2 müň dollar), çaga dogulmagy üçin 300 million won (tas 200 müň dollar) möçberinde pul töleýärler. Mundan başga-da, ýaş maşgalalar üçin 90%-e çenli ýeňillikli ipoteka hyzmaty hereket edýär.

Demograflaryň maglumatlaryna görä, hatda şeýle bähbitli çäreler hem maşgala gurýanlaryň sanynyň görnetin artmagyny gazanyp bilmedi. Eger ýagdaý öňküligine  dowam etse, Günorta Koreýanyň ilaty ýakyn ýyllarda örän azalyp başlap biler.


düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....

15.06.2026 19:47
3.5k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

09.06.2026 23:10
2.8k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......