Herbert Wellsiň "Körleriň ýurdy" atly eseri esasynda surata düşürilen filmde Gael Garsiýa Bernal baş keşpleriň birini janlandyrar

  • 14.03.2026 12:40
  • 1.7k+

XX asyryň başlaryndaky nusgawy fantastika täze formatda ekrana gaýdyp gelýär. Herbert Wellsiň ilkinji gezek 1904-nji ýylda çap edilen "Körleriň ýurdy" atly gysga hekaýasy "Kölegeler jülgesinde" filminiň esasyny düzýär. Meksikaly kino ýyldyzy Gael Garsiýa Bernal filmde esasy keşpleriň birini oýnaýar diýip, Deadline habar berdi.

Film dagdan gaçyp, dogabitdi kör adamlaryň jemgyýetiniň ýaşaýan dünýäden üzňe jülgesine düşýän alpinist Alwaro Toledanonyň hakynda gürrüň berýär.

Toledano ýaşaýjylardan artykmaçlygynyň bardygyny anyk bilýär, ýöne jülgäniň öz düzgünleri we adaty zatlar baradaky düşünjeleri bar. Bu ýerde görmek ukyby peşgeş hökmünde däl-de, maýyplyk hökmünde kabul edilýär. Alpinist kem-kemden täze durmuşa uýgunlaşmaga çalyşýar we töweregindäkilere bolan garaýşy üýtgäp ugraýar. Özi hakynda alada edýän zenana aşyk bolanda ýagdaý has çylşyrymlaşýar. Gahryman kyn saýlaw bilen ýüzbe-ýüz bolýar: täze adamlaryň arasynda ýaşamak üçin öňki durkundan ýüz öwürmelimi ýa-da görmek ukybyny saklamak bilen jülgeden gitmelimi.

Filmiň surata düşürilişi eýýäm tamamlandy. Ol Kolumbiýanyň Boýaka we Kundinamarka departamentlerinde geçirildi. Aktýorlaryň arasynda Nataliýa Reýs, Klaudio Katanýo, Diego Waskes, Irina Loaýsa we Margarita Rosa de Fransisko hem bar.

Mariýa Kamila Arias bilen bilelikde edebi esasyny ýazan Sebastian Kordero filmiň režissýory boldy. Filmiň prodýuseri Dinamo kompaniýasy, ýerine ýetiriji prodýuseri bolsa Mirlanda Torres boldy. Neşirleriň berýän habaryna görä, film ilki Kolumbiýanyň kinoteatrlarynda görkeziler, soňra bolsa Netflix striming platformasynda elýeterli bolar.


düýn 23:54
861

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....