Toyota sürüjileriň nägileliklerinden soň GR Yaris-iň ruluny doly täzeledi

  • 15.03.2026 11:55
  • 4.1k+

Toyota kompaniýasy GR Yaris hetçbegi üçin täze rul döretdi. 2026-njy ýylyň modeli üçin girizilen bu üýtgeşmeler ruly tutmagyň oňaýsyzlygyndan şikaýat eden sürüjileriň seslenmelerine jogap hökmünde amala aşyryldy.

Öňki ruluň oňaýsyzlygy dolandyryş düwmeleriniň ýerleşişi bilen baglanyşyklydyr. Olar ruluň gyrasyna örän ýakyn ýerleşendigi sebäpli, sürüjiler awtomobili işjeň dolandyrýan wagty olary tötänleýin basyp bilýärdi. Inženerler professional ýaryşa gatnaşyjylaryň maslahatlaryna eýerip, düýbünden täze ruly işläp düzmek bilen bu meseläni çözdi.

Täze rul palçykdan ýasalan prototipleri ulanmak bilen ýaryş ýodalarynda synagdan geçirildi. Netijede, düwmeler howpsuzlyk ýassygy modulynyň töweregine — ruluň merkezine has ýakyn ýerleşdirildi. Mundan başga-da, ruluň tutulýan ýeri giňeldildi, diametri bolsa öwrümlere has çalt reaksiýany üpjün etmek üçin biraz kiçeldildi.

Şeýle-de, dizaýn üýtgedildi: Toyota logotipiniň deregine indi GR subbrendiniň nyşany goýuldy. Iki tarapdaky täze dolandyryş elementleri yşyklandyrylan halkalara eýe boldy. Şol bir wagtyň özünde, ruluň gyzdyryjy ulgamyny dik ýerleşýän el tormozy bilen bilelikde sargyt edip bolýar.

Toyota GR Yaris üçin täzelenmeler munuň bilen çäklenmeýär. Awtomobil rezin düzümi, protektor şekili we içerki gurluşy üýtgedilen täze Bridgestone Potenza Race tekerlerine eýe boldy. Öndürijiniň nygtamagyna görä, olar adaty ýollarda has sessiz bolup, ýokary tizlikli sürüşde ýola has gowy «ýapyşýar».

Şeýle hem amortizatorlaryň sazlamalaryna täzeden seredildi we rul dolandyryşynyň elektrik güýçlendiriji ulgamy täzelendi.


28.06.2026 21:54
3.8k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.3k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......