Ilon Maskyň Starlink kompaniýasy öz hemralary bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin dürli usullary ulanýar. Soňky günlerde bu usullaryň biri hökmünde hemralar toparynyň bir bölegi Ýere golaý pes orbita geçirilýär. Hemralar bilen Ýerdäki müşderileriň arasyndaky aralygyň gysgalmagy bökdençlikleri azaltmaga we maglumat geçiriş tizligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
«PCMag» neşiriniň habar bermegine görä, astronom we emeli hemralara synçy Jonatan Makdauell çarşenbe gününe çenli ozal Ýerden, takmynan, 550 km uzaklykda ýerleşen Starlink aragatnaşyk hemralaryndan 652 sanysynyň Ýerden 480 km aralykdaky has pes orbita geçendigini aýtdy. Synçynyň sözlerine görä, şol wagt ýene 972 sany hemra pese düşmek işini dowam edýärdi.
Ilon Mask astronomyň bu teswirlerine üns berip, X sosial ulgamynda bu hereketleriň maglumat akymynyň has dykyz bolmagyny we signalyň hiliniň gowulanmagyny üpjün etmäge gönükdirilendigini düşündirdi.
Aslynda, Starlink ýanwar aýynda şu ýylyň dowamynda 4400 sany hemrany 480 km belentlikdäki pes orbita geçirmegi meýilleşdirýändigini aýdypdy. Bu ädim diňe bir signalyň hilini ýokarlandyrman, eýsem öňki giňişligi boşatmaga we iş möhletini tamamlan hemralaryň orbitadan çykarylmagyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berer. Möhleti gutaran hemralar kem-kemden aşak düşüp, atmosferanyň dykyz gatlaklarynda ýanyp gidýär. SpaceX-iň wekilleriniň aýtmagyna görä, Ýerden 500 km-den gysga aralykda emeli obýektleriň sany has az, şonuň üçin olaryň biri-biri bilen çaknyşmak ähtimallygy-da pesdir.
Hemralaryň aşak düşürilmegi kompaniýa maglumat geçirijiligindäki bökdençligi 20 ms-den hem aşak düşürmäge mümkinçilik berer. Makdauelliň aýtmagyna görä, 3827 sany Starlink hemrasy eýýäm pes orbita geçirildi, 2926 sanysy bolsa has ýokary orbitada galýar. Häzirki wagtda 8000-den gowrak Starlink hemrasy ulanylýar, olaryň, takmynan, 2000 sanysy ýakyn geljekde ulanylyşdan aýrylar.