Türkiýede ilat has çalt garraýar: garrylaryň sany 9,5 mln adamdan geçdi

  • 15.03.2026 00:09
  • 7k+

Türkiýede 65 we ondan uly ýaşly adamlar indi ilatyň 11,1%-ini düzýär. «Turkstat-yň» berýän maglumatlaryna görä, bu görkeziji 2020-nji ýyldaky 9,5% bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarlandy. Türkiýe garry ilatyň paýy boýunça dünýäniň 194 ýurdunyň arasynda 75-nji orunda durýar.

Ýurduň garry ilatynyň köpüsi aýallardan ybaratdyr — 55,3%, erkekleriň paýy bolsa 44,7%-e deň.

Bilermenler bu üýtgeşmeleriň demografik özgerişleriň başlanandygyna şaýatlyk edýändigini belleýär. Dogluş we ölüm derejesiniň azalýandygy, saglygy goraýyş ulgamynyň bolsa ösýändigi sebäpli, çagalaryň we ýaşlaryň paýy kem-kemden azalyp, garry adamlaryň sany artýar.

Bu ýagdaýyň esasy görkezijileriniň biri hem ilatyň ortaça ýaşydyr. Ol 2020-nji ýyldaky 32,7 ýaşdan 2025-nji ýylda 34,9 ýaşa çenli ýokarlandy.

Umuman alanyňda, Türkiýäniň 81 welaýatynyň 62-sinde garry ilatyň paýy eýýäm 10%-den geçýär. Bu bolsa ilatyň garramagynyň alamaty hasaplanýar.

Türkiýede ortaça ömür dowamlylygy 78,1 ýyl bolup, aýallar erkeklere garanyňda uzak ýaşaýar. Maşgala hojalyklary baradaky maglumatlar bolsa, her dört maşgalanyň birinde diýen ýaly azyndan bir sany garry adamyň ýaşaýandygyny görkezýär. Ýeke ýaşaýan garry adamlaryň sany bolsa 1,8 milliona golaý bolup, olaryň dörtden üç bölegine golaýyny aýallar düzýär.

Sosial şertleriň gowulanmagyna garamazdan, garry adamlaryň 22,8%-i henizem garyplyk ýa-da durmuşdan üzňeleşmek töwekgelçiliginiň astyndadyr.

Şeýle-de, garry adamlar sanly ulgamda has işjeňleşýär. 65–74 ýaş aralygyndaky internet ulanýan raýatlaryň paýy 2020-nji ýyldaky 27,1%-den 2025-nji ýylda 53,2%-e çenli ýokarlandy. Şunda erkekler interneti aýallara garanyňda has köp ulanýar.


01.06.2026 20:16
6.5k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

27.05.2026 10:41
3.1k+

Hytaýda garry adamlaryň sany ilkinji gezek çagalaryň sanyndan geçdi

Hytaýda 65 ýaşdan uly bolan ýaşaýjylaryň sany 1949-njy ýylda demografik statistika ýöredilip başlanany bäri ilkinji gezek 14 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň sanyndan geçdi. Bu barada «South China Morning Post»......

26.05.2026 12:36
3.1k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

26.05.2026 00:48
3.2k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......