Türkmen ýokary okuw mekdepleri «Lomonosow-2026» forumynyň meýdançasyna öwrüler

  • 15.03.2026 12:38
  • 5.1k+

2026-njy ýylyň 10-njy — 25-nji apreli aralygynda M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti tarapyndan guralýan «Lomonosow» XXXIII talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň halkara ylmy maslahaty geçiriler.

Ylym we bilim babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde bu gezekki forumyň halkara meýdançalarynyň Aşgabat şäherinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binýadynda guralmagy meýilleşdirilýär. Bu barada TMDDI-niň saýtynda habar berilýär.

Bu ýyl maslahatyň halkara meýdançasy has-da giňeldilip, ylmyň dört ugry boýunça işler alnyp barlar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty «Daşary ýurt dilleri we sebiti öwreniş», «Terjimäniň nazaryýeti, taryhy we usulyýeti» hem-de «Filologiýa» ugurlary boýunça jogapkär gurama hökmünde çykyş edýär, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bolsa «Himiýa» ugry boýunça işleri utgaşdyrýar. Forumyň işine gatnaşmaga 35 ýaşa çenli ýaşdaky talyplar, magistrantlar, aspirantlar we ýaş alymlar çagyrylýar. Olar 2026-njy ýylyň 6-njy apreline çenli «Lomonosow» ylym-bilim portalynda hasaba alnyp biler.

Rus we iňlis dillerinde geçiriljek bu ylmy maslahata gatnaşmak tölegsiz bolup, onuň netijeleri boýunça gatnaşyjylar sertifikatlar, iň oňat ylmy işleriň awtorlary bolsa ýörite diplomlar bilen sylaglanar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda geçirilýän bu çäre türkmen ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň abraýly ylym merkezleri bilen hyzmatdaşlygynyň asylly däbine öwrüler.

15.04.2026 15:59
2.6k+

Türkmenistanyň ykdysadyýet we nebit-gaz ýokary okuw mekdeplerinde «Açyk gapylar» günleri geçirilýär

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri geljekki dalaşgärler üçin «Açyk gapylar» günlerini geçirip başlady....

06.04.2026 23:51
4.1k+

M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ekologiýa bilen saglygyň özara baglanyşygy maslahatlaşyldy

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan «Ekologiýa abadançylygy — eşretli ertiriň kepili» atly......

04.04.2026 06:15
15k+

Türkmenistanyň iki sany ýokary okuw mekdebine täze rektorlar bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ýurduň iki sany ýokary okuw mekdebiniň rektorlary çalşyldy....

24.03.2026 17:56
4.2k+

Türkmenistanda «Geljegiň hünärleriniň atlasy» neşir edildi

Türkmenistanda Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» atly gollanma neşir edildi. Bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çykaryldy. Bu atlas Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky 1570-nji Karary bilen tassyklanan Ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna laýyklykda işlenip düzüldi...