M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ekologiýa bilen saglygyň özara baglanyşygy maslahatlaşyldy

  • 06.04.2026 23:51
  • 4.1k+

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan «Ekologiýa abadançylygy — eşretli ertiriň kepili» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahata lukmanlar, ekologlar we halkara bilermenler gatnaşdy we onuň dowamynda daşky gurşawyň ýagdaýynyň ynsan saglygyna ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň başynda tebigaty goramagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynda möhüm orun tutýandygy bellenildi.

Şeýle-de, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek meseleleri, ekologik arassalygyň geljekki nesilleriň saglygy üçin ähmiýeti, şeýle hem dürli tebigy şertlerde dogry iýmitlenmegiň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalary barada durlup geçildi.

Halkara tejribesine aýratyn üns berildi. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hünärmeni şäherleriň durnukly ösüşi we galyndylary gaýtadan işlemek ulgamyndaky taslamalar barada gürrüň berdi.

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň başlygy öz çykyşynda arassa tebigatyň sagdyn beden üçin zerurdygyny nygtady. Gurama tarapyndan taýýarlanan wideo şekilleriň görkezilmegi terbiýeçilik taýdan ähmiýetli boldy.

Çäre interaktiw görnüşde geçdi: «Ýaş tebigatçy» guramasynyň hünärmenleri talyplaryň sowallaryna jogap berdi. Geljekki lukmanlaryň iň işjeňlerine gurama tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Uniwersitete hem «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen alyp barýan netijeli we köptaraply hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlygyň nyşany hökmünde Hormat haty gowşuryldy.


16.04.2026 15:51
3.8k+

Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada Ähtnama gol çekildi

15-nji aprelde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Bu......

15.04.2026 15:59
2.6k+

Türkmenistanyň ykdysadyýet we nebit-gaz ýokary okuw mekdeplerinde «Açyk gapylar» günleri geçirilýär

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri geljekki dalaşgärler üçin «Açyk gapylar» günlerini geçirip başlady....

04.04.2026 06:15
15k+

Türkmenistanyň iki sany ýokary okuw mekdebine täze rektorlar bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ýurduň iki sany ýokary okuw mekdebiniň rektorlary çalşyldy....

03.04.2026 09:46
10k+

Gazagystanly okuwçy gyz plastik galyndylaryndan ýol gurmagy teklip edýär

Gazagystanyň Aýagöz şäherindäki 10-njy mekdep-gimnaziýanyň 10-njy synp okuwçysy Aružan Kabdulmaratowa plastik galyndylaryny gaýtadan işläp, ýol gurluşygynda ulanmagyň täze usulyny hödürledi. Bu barada BAQ.kz......