Türkmen ýaş alymlary Bütindünýä innowasiýa bäsleşiginde kümüş medal gazandy

  • 06.05.2026 23:16
  • 3.4k+

17–19-njy aprel aralygynda Indoneziýanyň Bali welaýatynyň Denpasar şäherinde geçirilen Durnukly ösüş ugrunda II Bütindünýä innowasiýa bäsleşiginde (GSIC 2026) Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri üstünlikli çykyş etdi.

Dünýäniň 12 ýurdundan zehinli alymlaryň, mugallymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda geçen bu abraýly bäsleşikde Türkmenistana S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň toparlary wekilçilik etdi.

Oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri gurak sebitler üçin awtonom gün distillýasiýa ulgamyny taslamak we optimizirlemek boýunça hödürlän ylmy taslamasy bilen eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Şeýle hem Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Aral deňziniň ekologik meselelerini çözmegiň innowasion ýollaryna bagyşlanan ylmy-barlag işi bilen bäsleşikde tapawutlandy. Bu taslamalaryň ikisi hem özüniň amaly ähmiýeti we täzeçil çözgütleri bilen halkara bilermenler tarapyndan ýokary baha mynasyp görüldi.

Halkara bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň oba hojalyk we lukmançylyk uniwersitetleriniň toparlarynyň ikisi hem hormatly ikinji orny eýeläp, kümüş medallar we ýeňiji diplomlary bilen sylaglandy.


şu gün 07:55
698

Oguz han adyndaky ITU daşary ýurt uniwersitetleri we kompaniýalary bilen 5 şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 10-11-nji iýun aralygynda Ylymlar güni mynasybetli «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

düýn 07:39
3.2k+

TOHI-niň mugallymlary Moskwadaky halkara bäsleşiklerde uly üstünlik gazandy

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim edaralary tarapyndan guralan halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýokary orunlary eýeledi....

10.06.2026 07:32
3.3k+

Ýaponiýada mekdep okuwçylary üçin «okuw rugsady» girizildi

Ýaponiýanyň Okinawa prefekturasynda köp mekdepler okuwçylara maşgalasy bilen wagt geçirmekleri üçin ýylda birnäçe gün «okuw rugsadyny» almaga rugsat berýän maksatnamany ornaşdyryp başlady. Bu barada «The Japan......

08.06.2026 23:01
2.8k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......