Türkmenistanyň ykdysadyýet we nebit-gaz ýokary okuw mekdeplerinde «Açyk gapylar» günleri geçirilýär

  • 15.04.2026 15:59
  • 2.7k+

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri geljekki dalaşgärler üçin «Açyk gapylar» günlerini geçirip başlady.

Hususan-da, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty myhmanlara 15-nji we 16-njy aprelde sagat 15:00-da garaşýar. Gelýänler okuw dersleri, täze hünärler we ýokary okuw mekdebiniň maddy-enjamlaýyn binýady, şol sanda döwrebap lingafon otaglary hem-de ýokary tizlikli internet ulgamy bilen tanşyp biler.

Institutyň salgysy: Aşgabat ş., 1972 (Atatürk) köçesi, 73-nji jaý;

Tel.: 48-62-31, 48-62-33, 48-62-29.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty baradaky doly maglumaty ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtyndan hem alyp bilersiňiz.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Açyk gapylar» günlerini Aşgabatda we Balkanabatdaky bölüminde 22-nji aprelde hem-de 6-njy maýda sagat 15:00-da geçirer. Myhmanlar maglumat tehnologiýalar merkezi we döwrebap barlaghanalar bilen tanyşdyrylar.

Uniwersitetiň salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8-nji jaý. Tel.: 39-13-05, 39-13-18.

Ýokary okuw mekdebiniň Balkanabat bölüminiň salgysy: Balkanabat ş., G. Annaýew köçesi, 76-njy jaý. Tel.: 4-93-62, 2-19-98.

Dalaşgärler üçin zerur bolan ähli maglumatlar uniwersitetiň resmi saýtynda hem elýeterlidir.

Ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri umumy ýaşaýyş jaýlaryndaky şertler we ýaşlaryň döredijilik hem-de sport ukyplaryny amala aşyrmaklary üçin döredilen mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň berer.


şu gün 18:58
519

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.6k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.6k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......