Türkmenistanyň iki sany ýokary okuw mekdebine täze rektorlar bellenildi

  • 04.04.2026 06:15
  • 15k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ýurduň iki sany ýokary okuw mekdebiniň rektorlary çalşyldy.

Resminamalara laýyklykda, Aknabat Orazmyradowna Atabaýewa başga işe geçmegi sebäpli Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. Onuň ýerine Baýram Mälikberdiýewiç Taňryberdiýew bellenildi.

Döwlet Baştutanynyň Permany bilen Taňryberdiýew öň ýerine ýetiren Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. Onuň ýerine Arslan Öwezdurdyýewiç Gurbannazarow bellenildi.


23.06.2026 18:58
2.7k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.6k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......