Türkmenistanda «Geljegiň hünärleriniň atlasy» neşir edildi

  • 24.03.2026 17:56
  • 4.3k+

Türkmenistanda Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» atly gollanma neşir edildi. Bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çykaryldy.

Bu atlas Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky 1570-nji Karary bilen tassyklanan Ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna laýyklykda işlenip düzüldi.

Resminamada häzirkizaman talaplaryny göz öňünde tutmak bilen, hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny ösdürmegiň çemeleşmeleri öz beýanyny tapdy. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky üýtgeşmeler şertlerinde bilim hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň hödürlenmeginiň hem-de XXI asyrda isleg bildirilýän başarnyklary ösdürmegiň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenilýär.

Atlas gysga we orta möhletli geljekde haýsy pudaklaryň we hünärleriň işjeň kemala geljekdigine, zähmet bazarynda haýsy hünärlere zerurlygyň boljakdygyna düşünmäge ýardam berer. Şeýle hem ol geljekde haýsy tehnologiýalaryň, önümleriň we dolandyryş çözgütleriniň zähmet bazaryny emele getirjekdigi barada maglumat almaga kömek edýär.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......