Müň aýdan hem haýyrly gije – Gadyr gijesi

  • şu gün 15:39
  • 3.7k+

Gadyr gijesi şu ýyl 16-njy marta geçilýän gijä gabat gelýär. Käbir alymlaryň pikirine görä, bu gije diňe bir Remezan aýynyň däl, eýsem, ýylyň hem iň ähmiýetli gijeleriniň biri hökmünde görülýär.

Kurany-kerimde: “Gadyr gijesi müň aýdan hem haýyrlydyr” diýilmegi, bu gijäniň gadyr-mertebesiniň uludygyny görkezýär.

Hoja Ahmet Ýasawynyň, käbir çeşmelerde bolsa Gul Süleýman Bakyrganynyň aýdan sözi hökmünde edebi eserlere giren: “Her gijäni gadyr bil, her görenňi — Hydyr” diýlişi ýaly, bu mübärek gijeleriň gadyr-gymmatyny duýmak, şol wagtlarda has köp ýagşy dileg-dogalara meşgul bolmak ündelipdir.

Diňe bir il arasynda däl, eýsem, irki kitaplaryň ençemesinde hem Gadyr gijesiniň Remezanyň haýsy hem bolsa bir gijesine gabat gelýändigi, emma şol gijäni takyk bilýänleriň örän azdygy ýaňzydylýar. Her ýylyň Gadyr gijesi başga bir güne gabat gelip bilýär diýilýär. Ymam Agzam Gadyr gijesiniň köplenç Remezanyň 27-nji gijesine gabat gelýändigini aýdar ekeni. Pygamberimiz: “Kim öň Gadyr gijesine gabat gelen bir gijäni tagat-ybadat bilen geçirse, hatda şol Gadyr gije däl hem bolsa, oňa Gadyr gijedäki ýaly ybadatyň sogaby berler” diýipdir. Başga birine bolsa: “Bu ýylky  Remezanyň Gadyr gijesi geçdi, ýöne Remezanyň 27-nji gijesini ybadat edip geçir, Gadyr gijesiniň sogabyna eýe bolarsyň. 

Gadyr gijesinde “Gadyr” süresini bir gezek okamak, başga wagtlarda Kurany hatm etmekden sogaply hasaplanylypdyr. Gadyr gijesinde tesbi sanamagyň hem uly sogaby bar diýilýär. Bu gije “goýun sagarlyk” wagt mukdarynda (ýagny, sähelçe wagt aralygynda) namaz okamak, ybadat etmek, bir aýlap ähli gijeleri ybadat bilen geçirmekden has gymmatlydyr” diýilýär.

Hadyslarda Pygamberimiziň “Gadyr gijesini Remezanyň soňky on gününiň täk gijelerinden gözläň” diýendigi beýan edilýär. Ýagny, Remezanyň 21, 23, 25, 27, 29 – njy gijeleriniň haýsy hem bolsa biriniň Gadyr gije bolmak ähtimallygy ýokarydyr. Musulmançylykda, umuman türkmençilikde hem gije gündizden öň hasaplanylýar. Sebäbi, Adam ata jennetden zemine düşürlende gijelik ekeni. Soň biraz ýöräp beripdir welin, jahan ýagtylyp başlapdyr. Şondan ugur alybam, gije gündizden öň hasaplanylýar. Mysal üçin, penşenbeden anna gününe geçilýän gijä “anna agşamy” ýa-da “juma agşamy” diýilýär. Şonuň üçin, 21, 23, 25, 27, 29 – njy gijeler diýlende, 20-den 21-ne, 22-den 23-ne, 24-den 25-ne, 26-dan 27-ne, 28-den 29-na geçilýän gijeler göz öňünde tutulýar.

Eýsem, Gadyr gijesini nähili bilip bolar? Hadyslarda, ylmy eserlerde ýazylmagyna görä, Gadyr gijesinde howa açyk we mylaýym bolýar. Sowuk hem bolmaz, yssy hem bolmaz. Ertesi irden Gün şuglasyz,  ýagny solaksy-gyzyl reňkli dogýar (Günüň doguşy öňkülerden parhlydyr). Käbir alymlaryň ýazmagyna görä, Gadyr gijesiniň esasy alamatlarynyň biri ertesindäki Günüň şuglasyz dogýandygydyr.

Gadyr gijesiniň birnäçe alamatlary bar diýilýär. Birinjisi, ertesi irden Günüň şuglasyz dogýandygy. Ikinjisi, Gadyr gijesinde Aýyň des-deň ikä bölünen tabagy ýatladýandygy.

Üçünjisi, howanyň ýakymly bolýandygy, ýagny yssy hem däl, sowugam däl. Dördünjisi, şol gijäniň üýtgeşik bir ýakymly, nurana bolýandygy we şol gije ýyldyz süýnmeýändigi. Ýene bir alamaty Gadyr gijesinde asman açyk bolýar, güýçli şemal öwüsmeýär, adamlar özlerini örän ynjalykly, göwnügiň duýýarlar.

Gadyr gijesinde okajak namazlaryňyz, tagat-ybadatlaryňyz, etjek doga-dilegleriňiz kabul bolsun!


şu gün 00:10
10k+

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberer

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow goňşy Eýrana ynsanperwerlik kömegini ibermek hakyndaky Buýruga gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Yslam Respublikasyna iberiljek ynsanperwerlik ýüki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ugradylar...

16.02.2026 10:09
6.1k+

Londonyň merkezi Oraza aýy mynasybetli 4-nji gezek baýramçylyk yşyklary bilen bezeldi

​Londonyň merkezindäki meşhur Kowentri köçesi musulmanlar üçin mukaddes Oraza aýy mynasybetli dördünji gezek ýörite yşyklandyryş bilen bezeldi. Yşyklandyryş ulgamy ýene-de Pikadilli-Serkusdan Lester-Skwere çenli bolan aralykda gurnaldy...

30.03.2025 12:15
8.1k+

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Oraza baýramy bilen gutlady

Prezident  Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny ynsanperwerligi we haýyr-sahawaty, päk ýürekliligi, ahlak tämizligini dabaralandyrýan Oraza baýramy mynasybetli gutlady. "Mukaddes Oraza baýramy ynsanperwerligi...

08.04.2024 15:47
24k+

REMEZANYŇ SOWGADY

Ertir şu ýyldaky mübärek Oraza aýynyň soňky güni. Geçen otuz güne basalykly wagtyň dowamynda daň atandan Gün batýança aralykda iýip-içgilerden saklanyp, agyz beklemegiň esasy talaplarynyň birini ýerine ýetirendiris...